
8-nji iýunda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýetçilik guramalary Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli “Stomatologiýanyň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

8-nji iýunda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýetçilik guramalary Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli “Ylymly-bilimli nesil döwrebap ösüşiň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Begnazar Nurnepesow Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherinde ýerleşýän “Erudit” merkeziniň gurnamagynda Biologiýa we adamyň fiziologiýasy dersinden açyk internet olimpiadasyna gatnaşyp, 1-nji orny eýeledi we altyn medala mynasyp boldy.

Uniwersitetimiziň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti O.Orazgylyjow ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň mugallymy” Döwlet bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly 2-nji orny eýeledi.

31-nji maýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlygy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

2-nji iýunda uniwersitetimiziň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp görmegi we ol ýerde guralan dabaraly çärä gantaşmagynyň netijelerine bagyşlanan “Türkmenistan – ýaş nesil...

Uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Öweznepes Orazgeldiýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen “Ýylyň talyby-2021” döwlet bilim bäsleşiginde 1-nji orny eýeledi.

3 sany talybymyz Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän “Günüň şöhlesi” merkeziniň gurnamagynda geçirilen Halkara internet ders bäsleşigine “Ekologiýa” ugrundan gatnaşyp, 3 sany 1-nji orunlary eýelediler. Olar:
Aşyrow Hanjar-kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;
Myrado...

29-njy maýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlygy we Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasy bilen bilelikde Bütindünýä Temmäkä garşy göreşmek güni mynasybetli “Sagdynlyk we ruhubelentlik – Berkarar döwletimizde ýaşlaryň baş göreldesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

28-nji maýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça geçirilen Açyk internet olimpiadasyna gatnaşan talyplarymyzyň 4-si himiýadan baýrakly 3-nji orny eýelediler. Olar:
Orazgeldiýew Öweznepes-kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl...