Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri O.G. Annamuhammedowa
Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, Kardiologiýa ylmy kliniki merkezli hassahana jaý 192, 6-njy gat, 6114- nji otag.
tel: (+99312) 36-95-82
e-mail:
Endokrinologiýa kafedrasy 1976-nji ýyldan 1988-nji ýyllar aralygynda Endokrinologiýa kursy, 1999-njy ýylda Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň hasabynda bolan, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-den aýratyn kafedra hökminde işe başlady.
Kafedrada kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy, harby lukmançylyk, lukmançylyk durmuş işi fakultetleriň talyplary bilen endokrinologiýa dersi boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Kafedra - kliniki ordinaturany, aspiranturany öz içine alýar.
Endokrinologiýa kafedranyň işgärleri tarapyndan “Endokrinologiýa” “Süýjüli diabet” atly okuw kitaplary, birnäçe okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy. Amaly we beýan sapaklar interaktiw usuly, görkezme esbaplary, albom, tablisalary ulanmaklyk arkaly geçirilýär.
Ylmy - barlag işleri endokrinologiýa boýunça “Türkmenistanda süýjüli diabeti we galkan şekilli mäziň kesellerini öwrenmek” atly ylmy işler alnyp barylýar. Talyplar bilen “Süýjüli diabetde derman ösümlikleriň täsiri” ylmy-barlag işi talyp gurnaklarynda alnyp barylýar.
Kafedranyň bejeriş-anyklaýyş işleri keseli çylşyrymly bolan näsaglaryň kesel kesgidini seljermek we näsaglary alyp barmak, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde lukmanlara amaly lukmançylyk kömegini bermek ýaly işleri öz içine alýar. Bejeriş-maslahat beriş binýatlar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, bu bolsa talyplaryň keselleri anyklamakda bilim derejesini ýokarlandyrmagyna ýardam berýär.