Harby meýdan terapiýasy kafedrasynyň müdiri: Amangeldi Meredow
tel: 56-85-39 e-mail:
Salgysy: Aşgabat ş., Bekrewe köçe, Jaý 58 , Merkezi harby hassahanasy,
2-nji gat, 1-nji otag.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakulteti Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda açyldy.
Şol bir wagtda hem harby-lukmançylyk fakultetiniň düzüminde harby meýdan terapiýasy kafedrasy döredildi. Kafedrada B. Begalyýewa (2012-2015 ý.ý.), R. Gordyýew (2015-2016 ý.ý.), ýolbaşçylyk etdiler.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby hassahanasy, Merkezi harby saglyk öýi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Dowlet lukmançylyk uniwersitetini, harby meýdan terapiýasy kafedrasynyň esasy okuw binýatlary bolup durýar.
Kafedrada “Näsaga umumy gözegçilik”, “Harby lukmançylyk hünärine giriş”, “Goşunlarda lukmançylyk kömegini guralyşynyň esaslary”, “Häzirki zaman harby lukmançylygy, “Harby saglyk öýi” , “Harby lukmançylyk güwä geçmesi”, “Harby hünär keselleri”, “Harby meýdan terapiýasy” dersleri boýunça kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, farmatewtik, sport lukmançylygy, harby-lukmançylyk, saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy fakultetiniň talyplary bilen amaly we beýan sapaklary geçirilýär. Diplomdan soňky taýýarlyk we hünärini kämilleşdiriş okuwy harby lukmanlara “Harby meýdan terapiýasy” ugury boýunça geçirilýär. Diplomdan soňky okuw kliniki ordinaturany, aspiranturany we doktoranturany öz içine alýar.
Harby-lukmançylyk fakultetiniň talyplaryň okuw sapaklary Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanuny esasynda düzülen Düzgünnamana esasynda alynyp barylýar.
Ýerine ýetirilen işler: “Harby meýdan terapiýasy” atly okuw kitaby, 87 sany okuw usuly gollanmalar taýýarlanyldy. Şeýle hem, beýanlar prezentasiýa, word, wideo we audio görnüşinde taýýarlanylýar. Ugurdaş kafedralar bilen teleköpri arkaly okuw sapaklary geçirilýär.
Kafedrada ylmy gözegçilik işleri harby lukmançylygyň esasy ugurlaryna salgylanmak arkaly talyplar bilen işleri dürli gurnaklarynda alynyp barylýar.
Näsaglara bejeriş-maslahat beriş işleri kafedranyň ýokarda görkezilen kliniki -okuw merkezlerinde alnyp barylýar. Okuw sapaklaryň esasy mazmuny meýdan şertinde näsaglary we zeperlenenleri dürli kesellerde terapewtiki ugur boýunça gaýragoýulmasyz ýagdaý dörände bejermegiň usullaryny, tapgyrlarda lukmançylyk kömegini bermegiň göwrümi we görnüşlerini öwrenmekligi öz içine alýar.
Ol öz içine keseli çylşyrymly näsaglaryň kesel kesgidini seljermek, görkezilen hassahanalaryň dürli bölümlerinde näsaglary alyp barmak, täze şertlerde okuw sapaklaryny geçmek talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär.