MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ DAŞARY ÝURTLAR BILEN HYZMATDAŞLYGY
Häzirki wagta Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2012-nji ýylda Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga; 2016-njy ýylda Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga; 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwanyň göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň Federal döwlet býujet bilim beriş edarasy “Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersiteti” bilen bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama; 2020-nji ýylda Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; 2023-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersiteti bilen bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama; 2023-nji ýylda Wengriýa Respublikasynyň Zemmelwaýs uniwersiteti bilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; 2023-nji ýylda Koreýa uniwersitetiniň Lukmançylyk kolleji bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2025-nji ýylda Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersiteti bilen bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
