Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri Annamyrat Gurbanmämmedowiç Annadow


tel: (+99312) 92-20-68. е-mail: tdlutm@online.tm.

Salgysy: Aşgabat ş., Ata Gowşudow köçe, Jaý 58. 1-nji gat.




Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi we ol Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binalar toplumynda ýerleşýär.

Kafedrada kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, sport lukmançylygy fakultetleriniň talyplary bilen raýat goranyşy, lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti boýunça sapaklar alnyp barylýar; farmasewtika fakultetiniň talyplary bilen lukmançylyk üpjünçiligi; harby lukmançylyk fakultetiniň talyplary bilen lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti, lukmançylyk üpjünçiligi, harby syýasat we hukuk, umumy goşun tyl taýýarlygy boýunça sapaklar geçirilýär.

Kafedranyň işgärleri tarapyndan lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti, umumy goşun tyl taýýarlygy boýunça okuw kitaplary, 200-den gowrak okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy, 19 ylmy makala we 12 tezis çap edildi.

Kafedrada talyplar bilen ylmy-barlag we rasionalizatorlyk işleri ýörite döredilen gurnaklarda alnyp barylýar.

Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar