Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty
Orazgylyjow Orazgylyç Aşyrmämmedowiç
tel: 865 81-60-74 e-mail:
Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, Jaý 192. "Berzeňňi" şypahanasy, 1-nji gat, 101-nji otag.
Kafedra “Bejeriş bedenterbiýesi we lukmançylyk gözegçilik okuwy” ady bilen öz işini 1943-nji ýyldan başlaýar. 2011-nji ŷylda sport lukmançylygy fakultetiniň açylmagy bilen baglylykda bejeriş bedenterbiŷesi we saglygy dikeldiş kafedrasy, şeýle hem sport lukmançylygy kafedrasy döredildi, onda “Bejeriş bedenterbiŷesi we lukmançylyk gözegçiligi”, “Fizioterapiŷa we kurortologiŷa”, “Sport lukmançylygy” hünärleri boŷunça lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary gurnaldy. 2019-njy ŷylda bu iki kafedra umumy atlandyrma esasynda birleşdirildi. Häzirki wagtda kafedra “Berzeňňi” şypahanasynda we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sport toplumynyň binýadynda ýerleşýär.
Kafedrada “Bejeriş bedenterbiýesi we lukmançylyk gözegçiligi”, “Fizioterapiŷa we kurortologiŷa”, “Bejeriş we sagaldyş owkalamasy”, “Nokatlaýyn owkalama”, “Sport owkalamasy”, “Sport morfologiýasy”, “Çaga sport lukmançylygy”, “Ýogaterapiýa”, “Aýurwedaterapiýa”, “Hytaý lukmançylygynyň esaslary”, “Sport lukmançylygy” hünärine giriş” dersleri okadylýar.
Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Bejeriş bedenterbiýesi lukmany”, “Fizioterapewt lukmany”, “Şypahana lukmany”, “Sport lukmany” hünärleri boýunça kär häsiýetnamalary düzülen; 3 okuw kitaby: “Bejeriş bedenterbiŷesi we lukmançylyk gözegçiligi”, “Umumy fizioterapiŷa”, “Sport lukmançylygy”, şeýle hem “Hytaý lukmançylygynyň esaslary” atly 1usuly gollanma neşir edildi. Ähli okadylýan dersleriň bölümleri boýunça okuw - usulyŷet materiallary, test barlag soraglary, görkezme esbaplary (tablisalar, çyzgylar, suratlar, albomlar, slaýdlar, interaktiw görkeziliş üçin beýan materiallaryny öz içine alýan CD-diskler, mikrofilmler) taýýarlandy.
Kafedranyň ylmy işiniň esasy ugurlary - dürli kesellerde bejeriş bedenterbiýesiniň, tebigy we emeli fiziki faktorlaryň adam organizmine edýän täsirini öwrenmek; türgenleriň morfofunksional aýratynlyklaryny öwrenmek we sporta saýlap almagyň ylmy usullaryny işläp düzmek. Ylmy-barlag işleriň netijeleri žurnallarda, ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär we dürli derejeli maslahatlarda çykyş edilýär. Kafedranyň işgärleri tarapyndan 200-den gowrak ylmy iş çap edildi, olar dikeldiş we sport lukmançylygy boýunça “Saglyk” žurnalynyň işjeň maslahatçylarydyr.