2024-nji ýylyň aprel aýynyň 11-ne Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda iňlis dilinden geçirilen III Halkara internet olimpiadasynda, uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary S. Orazowa, S. Babajanow we A. Pendiýew III baýrakly orunlary eýelediler.














2024-nji ýylyň aprel aýynyň 12-ne Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan gurnalan ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Häzirki zaman kompýüter tehnologiýalary” dersi boýunça internet olimpiadasynda uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary Mylaýym Şyhyýewa II orna, Begenç Azimow III orna mynasyp boldylar.



















2024-nji ýylyň aprel aýynyň 12-ne Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti tarapyndan gurnalan ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Häzirki zaman kompýüter tehnologiýalary” dersi boýunça internet olimpiadasynda uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyby Begenç Azimow II baýrakly orny eýeledi.


2024-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwerstitei tarapyndan gurnalan II Açyk Halkara ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Informatika” dersi boýunça internet olimpiadasynda uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary Mylaýym Şyhyýewa we Begenç Azimow III baýrakly orunlary eýelediler.

















2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde, “ Magtymguly – şygryýetiň zergäri” atly zehinleriň bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary S. Babajanow I orna, M. Rozmetowa III baýrakly orna mynasyp boldular.


2024-nji ýylyň 26-njy aprelda uniwersitetimiziň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Fakultet terapiýa dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa, harby lukmançylyk fakultetlerinden 4-nji ýyl talyplaryndan 9 talyp gatnaşdy. Olardan Şukurowa Merjen I orna, Jumanazarowa Aýgözel II orna, Arnepesowa Ogulbagt III orna mynasyp boldular.


2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda sanly bilim portalynyň üsti bilen Patologik fiziologiýadan bäsleşik geçirildi.Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa we harby lukmançylygy fakultetleriniň 3-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Baýrakly orunlara kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň talyplary mynasyp boldular:

I orun - Süleýmanowa Mahym,Täçdurdyýewa Bägül, Ýegenmämmedowa Aýlar;

II orun – Berdinazarow Ahmet, Nurmuhammedow Ysmaýyl, Altyýew Allanur,Täçmämmedowa Arzygül;

III orun – Gullyýewa Mähri, Merdanow Hydyr, Şöhradow Ahmet.


2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmekde, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri üçin, şeýle de ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik ylymlaryny öwreniş kafedrasynyň mugallymy Mähri Nurlyýewa we kesel bejeriş fakultetiniň talyby Gurbangeldi Maşadow mynasyp boldular.

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda sanly bilim portalynyň üsti bilen Gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa dersinden bäsleşik geçirildi.Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, harby lukmançylygy,dikeldiş we sport lukmançylygy hem-de stomatologiýa fakultetleriniň 2-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Baýrakly orunlara kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň talyplary mynasyp boldular:

I orun – Mollaýewa Ogulsapar, Muzafarowa Aýlar.

II orun –Mekanmyradowa Güljemile, Sähedow Amantagan.

III orun –Agöýliýewa Gülhajar, Jepbarowa Sona, Jumagulyýewa Aýgözel, Ahmedowa Mähri.


2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 23-ne Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim Ministrligi we “Emirates Environmental group” şereketi tarapyndan geçirilen Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça taslama bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň zehinli talyp ýaşlary hem gatnaşyp, “Mikroplastika we görünmeýän pandemiýa” atly tema boýunça üstünlikli çykyş edip, tapawutlanmagy başardylar.



















2023-nji ýylyň 5-7-nji dekabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy esasynda dünýä döwletlerinde giňden we dabaraly bellenilýän “Halkara Bitaraplyk güni” mynasybetli  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gurnamagynda biologiýa dersinden II Halkara internet olimpiadasy uly üstünlikler bilen geçdi.

Halkara internet olimpiadasyna türkmen talyplary bilen birlikde dünýäniň 26 döwletinden, hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Italiýadan, Ispaniýadan, Polşadan, Awstriýadan, Wengriýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Kipr döwletinden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Günorta Koreýadan, Malaýziýadan, Russiýa Federasiýasyndan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän beýleki ýurtlardan 96 sany ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Lukmançylyk uniwersiteti bilen özara Ylalaşyklar hem-de Ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim ojaklaryndan 550-ä golaý talyplar gatnaşdy.

Lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen II Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, Lukmançylyk uniwersitetimiz bilen özara Ähtnama esasynda iş alyp barýan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinden hem eminler toparynyň düzüminde wekillik etdiler.

Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi we üstünlikli çykyş edip ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar altyn, kümüş, bürünç medallary hem-de degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglandy.

Ders bäsleşiginiň netijesinde 79 sany talyp ýeňiji diýip yglan edildi. Olardan 18-si 1-nji orny, 27-si 2-nji orny, 34-si 3-nji orny eýelediler hem-de degişlilikde altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Ýeňijileriň arasynda 40-y türkmenistanly talyplar bolup durýar.





















2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde sanly bilim portalynyň üsti bilen Patologik fiziologiýasy dersinden bäsleşik geçirildi. Bäsleşige kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň 3-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Baýrakly orunlara kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň talyplary mynasyp boldular:

I orun – Rahmanberdiýew Döwletgeldi, Nazarow Allaguly, Kutlyýewa Ejeş, Begliýew Serdar;

II orun – Aşyrow Şamyrat, Kasymgulyýew Kasymguly;

III orun – Annamämmedowa Maýsa, Jumaberdyýewa Altyn, Gurbannyýazowa Merjen, Azziýewa Maral, Nurnepesow Begnazar.


Biziň talyplarymyz we ýaş alymlarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edýän bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar we ýylyň-ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 2022-nji ýylda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri: Rozyýew Hangeldi – Harby lukmançylygy fakultetiniň 6-njy ýyl talyby 1-nji ýerе, Hommadow Orazmyrat – Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy hünäriniň 6-njy ýyl talyby 2-nji ýerе, Baýramow Serdar – Medisina himiýa kafedrasynyň mugallymy 3-nji ýere mynasyp boldular.


Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgorod şäherinde ýerleşýän “Professional ylym” merkezi tarapyndan 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda geçirilen ylmy bäsleşikde Kesel bejeriş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ş.Tekäýew “Biologiýa, himiýa we lukmançylyk” ugry boýunça 1-nji hem-de Höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.


Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän I.P. Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan 2022-nji ýylyň 24-26-njy aprelinde geçirilen ylmy bäsleşikde Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň kliniki ordinatory A.Ýagmyrow “Biomedisinanyň derwaýys meseleleri” ugry boýunça “Влияние чая “Саглык” на физическую активность лабораторных животных” atly ylmy işi bilen 3-nji orna eýe boldy.



Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar