LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINDE YLMY IŞLERI ALYP BARMAGYŇ ESASY UGURLARY

 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletinde ýokary bilimli lukmanlary, dermançylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolup, ilatyň saglygyny goramak, keselçiligiň derejesini peseltmek we öňüni almak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, ýerli tebigy çig mallaryny rejeli hem-de maksada laýyk peýdalanyp, täze derman görnüşlerini taýýarlamagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek we başgalar bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde esasy ylmy ojak hasaplanýar.


Bu işleriň çäginde Türkmenistanyň yssy we gurak howa şertlerinde dürli keselleriň geçiş aýratynlyklary, olaryň anyklanyş we bejeriş usullaryny kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak we olary ir anyklamak, Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmek we olaryň keselleri bejermekde ulanylyşy, çaga we aýal keselleriniň bejergisiniň netijeliligini gowulandyrmak, ýürek-gan damar kesellerinde bedeniň beýleki agzalarynda bolup geçýän üýtgemeleri ýüze çykarmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilatyň arasynda ornaşdyrmak, lukmançylyk we tebipçilik ylmynda hem-de amalynda gazanan üstünlikleri bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolan milli lukmançylyk mirasymyzyň–Abu Aly Ibn Sinanyň (Awisenna), Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň we başgalaryň gazananlaryny häzirki zaman lukmançylyk ylmyna ornaşdyrmak we saglygy goraýşyň beýleki möhüm meseleleri öwrenilýär.


Alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini meýilleşdirmek, sazlaşdyrmak, utgaşdyrmak hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen, uniwersitetde Ylmy Geňeş hereket edýär. Onuň düzüminde jemi 7 sany ugur boýunça ugurlaýyn iş toparlary bolup, olar uniwersitetde alnyp barylýan ähli ylmy-barlag işlerine gözegçilik edýär. Olar hirurgik keselleriň ylmy esaslary, iç keselleriniň ylmy esaslary, ene we çaga keselleriniň ylmy esaslary, adamyň umumy fiziologiýasynyň we patologiýasynyň ylmy esaslary, stomatologiýanyň ylmy esaslary, gigiýenanyň, epidemiologiýanyň we ýokanç keselleriň ylmy esaslary, täze derman serişdelerini taýýarlamagyň, olaryň standartlaşdyrmagyň we barlag usullarynyň ylmy esaslarydyr.


Uniwersitetde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ylmy geňeşinde tassyklanan 7 sany ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olar:


1. Göz keselleri kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde “Gaýra üzülen miopiýanyň kesgitlemesinde we bejergisinde häzirki zaman usullaryň ähmiýeti” atly ylmy-barlag işi;

2. Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde “Süňkleriň fibroz displaziýasynyň bir öýjükli görnüşiniň anyklaýyş we bejeriş usullaryny kämilleşdirmek” atly ylmy-barlag işi;

3. Ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde “Ýokarky dodagyň we kentlewügiň doga ýaryklarynyň kliniki aýratynlyklary we bejergisini kämilleşdirmek” atly ylmy-barlag işi;

4. Ýokanç çaga keseller kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde “Ýiti respirator keseliniň epidemiologiki aýratynlyklary we öňüni alyş usullaryny kämilleşdirmek” atly ylmy-barlag işi;

5. Gospital hirurgiýasy kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde “Dowamly böwrek ýetmezçiliginiň terminal derejesindäki näsaglara gemodializ geçirmegi kämilleşdirmek” atly ylmy-barlag işi;

6. Farmasiýa kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmenistanyň florasyndaky Artemisia annua L. ösümligini dermanlyk serişdesiniň çeşmesi hökmünde öwrenmek” atly ylmy-barlag işi;

7. Fakultet terapiýasy kafedrasynyň ýerine  ýetirmeginde  “Utgaşýan esasy howp faktorlara baglylykda arterial gipertenziýanyň  bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň aýratynlyklary” atly ylmy-barlag işi.

8. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň ýerine ýetirmeginde “Kesar kesimi we ginekologiki operasiýalaryndan soňky agyrysyzlandyrma usullaryny kämilleşdirmek” atly ylmy-barlag işi;

9. Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň ýerine ýetirmeginde “Glaukomada innowasion lazer bejergi usullarynyň netijeliligi” atly ylmy-barlag işi.


Şeýle-de, lukmançylyk uniwersitetiniň düzüminde aspirantura bölümi bolup, onda 31 hünär boýunça aspirantura we 20 hünär boýunça doktorantura hereket edýär. Dissertasiýa işleri keselleriň öňüni almaga, olary täze innowasion usullaryň kömegi bilen irki döwürlerde anyklamaga hem-de bejeriş usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Alnyp barylýan işler döwlet maksatnamalaryndan gelip çykmak bilen, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynda amala aşyrylýar. Halkara okuw-ylmy merkezinde hem dissertantlar şertnama baglanyşmak arkaly ylmy barlaglaryny ýerine ýetirýärler. Dissertasiýalar hususan-da, ýokanç däl keselleriň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, stomatologiýanyň, oftalmologiýanyň, şypahana ulgamyny ösdürmegiň, sport lukmançylygynyň wajyp meselelerine bagyşlanandyr. 


Ylmy işleriň netijeleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çap edilýän ylmy žurnallarda neşir edilýär, ýurt möçberinde we halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlarda çykyşlar edilýär hem-de amaly lukmançylyga giňden ornaşdyrylýar.

       

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar