Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Ogulmaýsa Abdalowna Kakabaýewa


tel: (+99312) 55-29-98  e-mail: e-mail: tdlu@gmail.com

Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş bina, 3-nji gat, otag 1323




Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň kärhanalardaky, guramalardaky we edaralardaky ilkinji zenanlar guramalary hakynda düzgünnamada beýan edilen umumy düzgünler esasynda hereket edýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalary kärhanalarda, guramalarda we edaralarda we beýleki jemgyýetçilik birleşiklerde işleýän zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, zähmet köpçüliginde olaryň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin döredildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalary Türkmenistanyň Konstitisiýasyna, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda öz işini amala aşyrýar.


Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalary öz öňünde şu wezipeleri goýýar:

- Jemgyýetiň we döwletiň işini dolandyrmaga zenanlary işjeň çekmek;

- Maşgalany pugtalandyrmaga, jemgyýetde zenanlaryň abraýyny artdyrmaga ýardam etmek;

- Raýatlaryň sagdyn durmuşyny guramakda, şeýle hem maşgala we çagalara degişli meselelerde beýleki jemgyýetçilik guramalar bilen özara hyzmatdaşlyk etmek;

- Haýyr-sahawatlyk we ynsanpewerlik işini amala aşyrmak, kömege mätäç zenanlara, maşgalalara hemmetaraplaýyn kömek etmek;

- Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işiniň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki görnüşlerini we usullaryny peýdalanmak.


Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň agzalary beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolmaga hukugy bardyr, eger-de munuň özi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň tertipnamalaýyn maksatlaryna we wezipelerine ters gelmeýän bolsa.


Kärhanada, guramada, edarada işleýän, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tertipnamasyny, şu Düzgünnamany ykrar edýän we zenanlar hereketine işjeň gatnaşýan islendik zenan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň agzasy bolup biler.


Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynda agzalyk meýletin we indwidual (şahsy) esasda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten raýatlary bolan, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiňTertipnamasynyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan zenanlar agzalyga kabul edilýär.


Şeýlelikde, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň geňeşiniň agzalygyna uniwersitetiň zenan mugallymlary kabul edilýär we degişlilikde fakultetlere jogapkär mugallym edip bellenilýär. Ondan başgada tejribeli, ýaşuly zenan mugallym halypa hökmünde bellenilýär.


Her okuw ýylyň başynda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň geňeşiniň umumy ýygnagy geçirilýär we iş meýilnamasy düzülýär. Onda ýaş talyp gyz-gelinleri Watana, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda alnyp barylmaly işleri meýilnamalaşdyrylýar.


Milli kanunçylygymyzda aýallaryň hukuklary aýratyn orna eýedigini we gender deňligi durmuşa geçirmekligiň kanuny esasynyň biziň döwletimizde döredilendigi babatynda, gender deňligi boýunça kanunçylyklardan gelip çykýan resminamalary bilen tanyşdyryş hem-de uniwersitetiň çäginde gender aňyýetini kemala getirmek boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlaryň we talyplaryň arasynda wagyz-nesihat maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

    

„Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany“ ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet we Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýlerinde geçirilýän sergilerine talyplar üçin syýahatçylykly gezelençleri gurnalýar, we şol muzeýleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli göçme sergileri uniwersitetiň çägindede yzygiderli geçirilýär.

 

Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň gelin-gyzlaryna “Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlary giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir” diýen sözlerinden ugur alyp, uniwersitetiň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda edep-terbiýe, saglyk we arassaçylyk bilen bagly meseleler, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalary barada söhbetdeşlikler we wagyz-nesihat maslahatlary gurnalýar we geçirilýär. Talyp gelin-gyzlarynyň arasynda umumy tertip-düzgünler: ahlaklylyk, edeplilik, ar-namys, görüm-görelde we olary berjay etmek barada il arasynda hormatlanýan enelerimiz bilen bilelikde söhbetdeşlikli duşuşyklary geçirmek däbe öwrüldi.


Meýilnama boýunça geçirilýän işler:

„Edepli ýaşamagy endik edinseň ömrüň sapaly geçer“ atly wagyz-nesihat duşuşy;

   
 













„Talyp gözeli - 2020“ atly Türkmenistanyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigi; 

















“Zenan kalbynyň gözelligi” atly talyp gyzlaryň arasynda tertip­-düzgün we arassaçylyk barada halypa zenanlar bilen duşuşyklar;

Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryndan ugur alyp, türkmen halkymyzyň „El hünäri il gezer“ diýen nakylyna eýerip, özleriniň el işleri bilen tanalýan hormatly ene-mamalarymyzy çagyryp uniwersitetiň gyzlaryň arasynda söhbetdeşlikleri gurnalýar;























„Halkara zenanlar güni“ mynasybetli „Ene ömürleriň dowamy“ atly dabaraly çäre;

„Milli bahar baýramy“ mynasybetli TDLU-da Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýiniň göçme sergisi we ylmy işgärleri bilen duşuşyklary gurnalýar;

„Edep – bergidir, bermedige – görgüdir“ atly hormatly ýaşuly ene-mamalaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat, öwüt-ündew duşuşygy;

„Sagdyn bedende – sagdyn ruh“ atly uniwersitetiň talyp gyzlaryň arasynda sport çäreleri;

Talyplar saglyk öýüniň lukmanlary bilen “Arassaçylyk saglygyň girewidir”, „Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslary“  atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär;
















“Elimden çykan egnime ýarar” atly talyp gelin-gyzlaryň arasynda el işleriniň sergisi;

„Eli çeper, ýüzi nurly gelinler, mähriban mylaýym türkmen gözeller“ atly „Zenan kalby“ žurnalynyň işgärleri bilen wagyz-nesihat duşuşygy;

„Türkmen halysynyň“ baýramçylygy mynasybetli „Türkmen halysy – ynsan gözelliginiň nepis nusgasy“ atly ussat halyçylar we döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary gurnalýar;

Çagalary goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli “Ömrümiň örki çaga” ady bilen uniwersitetiň aýal-gyzlarynyň arasynda söhbetdeşlikler;

“Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Myrat Garryýew ad. TDLU täze kabul edilen 1-nji ýyl talyplary üçin geçiriljek aýdym-sazly dabaraly çäre;

“Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň düzgünleri barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary gurnalýar;

Türkmenistan Döwletimiziň şanly 29 ýyllygy mynasybetli „Garaşsyz Diýaryň bagtyýar ýaşlary“ atly talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy;

“Milli lybaslar – gözel keşbiň ýaraşygydyr”atly türkmen milli lybaslarynyň gözelligine, nepisligine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy;













Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” kitaplary talyp gyzlaryň arasynda. Milli tagamlaryň sergisi we fakultetara bäsleşigi;


Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamaklarynda türkmen milli däp-dessurlaryny, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligine goýulýan sarpany wagyz etmek maksady bilen „Gyz – gylygy bilen, ogul – edebi bilen” atly bilim alýan talyp okuwcylaryň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirilýär;


Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim alýan talyp ýaşlary Gülleýän Berkarar döwletimizde edepli, tertipli, ynsanperwer, päk niýetli, ynsaply, ahlak taýdan arassa, hemme taraplaýyn kämil we aň-düşünjeli hem-de milli ruhda terbiýelemek maksady bilen „Mirasyň ýagşysy edepdir” atly wagyz-nesihat maslahaty;


„Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany“ ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň, nesilleriň sagdynlygynyň, sagdyn we kämil jemgyýetiniň berkararlygynyň hatyrasyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak, şeýle-de ilatyň hukuk düşünjeliligini we medeniýetini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça utgaşykly işleri ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň we Türkmenistanyň Gyzyl ýarym aý jemgyýetiniň bilelikdäki Meýilnamasy esasynda „Maşgalam – baş galam, Saglygym – baş baýlygym“ atly wagyz-nesihat maslahaty;


Gadymdan gelýän türkmen milli lybaslarymyza, ene-mamalarymyzyň paýhasyndan dörän inçe sungatymyza hem-de olaryň taryhy gelip çykyşyna, el işlerimize, medeni-mirasymyza ýaşlaryň buýsanjyny artdyrmak, türkmeniň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, türkmen halkyna mahsus milli ruhy ahlak tämizligine buýsanç döretmek maksady bilen „El hünärim edebim – ebedi ezizlänim“ atly wagyz-nesihat duşuşygy;


„Açyl saçagym – açyl näzi-nygmatlar seçil!“ atly türkmen milli tagamlary taýýarlamagyň bäsleşigi;


Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleriň gatnaşmagynda şahyr G.Ezizow we kompozitor N.Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanylyp geçirilýän döredijilik duşuşyklara talyplar uly höwes bilen gatnaşýarlar.



Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar