Farmasewtika fakulteti






Farmasewtika fakultetiniň dekany Atajan Goçamanow Annamyradowiç

tel: (+99312) 48-99-31  e-mail: 


Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş binasy, 1 etaž, otag 1107


   




Farmasewtika fakulteti 1981-nji ýylda açylyp, ol farmasiýa, farmakologiýa we farmakognoziýa pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Okuwyň  görnüşi – gündizki, dowamlylygy - 5 ýyl. Okuwyny tamamlaýan uçurymlara “prowizor” käri berilýär. Farmasiýa we farmakologiýa kafedralary fakultetiň esasy kafedralary bolup durýar.


Farmasewtika fakultetiniň talyplary dermanhanalarda, derman kärhanalarynda, Aşgabat şäheriniň Merkezi botanika bagynda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň goraghanalarynda, derman serişdeleriniň hasaba alyş we olaryň hiline Döwlet gözegçiligi merkezinde okuw we önümçilik tejribeliklerini geçýärler.


Fakultetiň talyplary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň esasynda täze derman görnüşlerini almagyň tehnologiýalaryny öwrenmek, işläp düzmek, şeýle hem derman serişdeleriniň, şol sanda dermanlyk ösümlikleriniň derňew usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Alnan netijeler bilen geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edilýär, maglumatlar ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda çap edilýän ylmy žurnallarda neşir edilýär, ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak üçin hödürlenýär.


Kafedralaryň mugallymlary farmasewtika fakultetiniň talyplary bilen kuratorçylyk we halypaçylyk işlerini alyp barýarlar, ýokary okuw mekdebiniň çäklerinde we döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar.


Farmasewtika fakultetini tamamlaýan uçurymlar Baş dermanhana birleşigine degişli dermanhanalara, “Türkmendermansenagat” birleşiginiň derman kärhanalaryna, Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline Döwlet gözegçiligi merkezine, Kazyýet lukmançylygy edaralaryna, “Lukmançylykenjamlary” önümçilik birleşigine we Türkmenistanyň derman ösümlikleri institutyna işe ugradylýarlar.


 

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar