Ýokanç keseller  kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Amanmyrat Jepbarowiç Şükürow

tel: (+99312) 73-92-44  e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 


Salgysy:  ş., Aşgabat, O.Annaýew köçe Jaý 79, ýokanç keselleri merkezleri müdirýeti, ýokanç keselleri bejeriş - öňüni alyş merkezi, ýokanç keseller we epidemiologiýa kafedrasy 3-nji gat, 6A 367-nji otag. 



Ýokanç keseller kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş we öňüni alyş merkeziniň bazasynda ýerleşýär. Beýan, okuw-amaly otaglar interaktiw, multimediýa enjamlary, kompýuterler we beýleki häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen. Kafedrada konferens-zal hem bar.


Kafedranyň okuw-usuly işleri kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş hem stomatologiýa fakultetleriniň talyplary, maşgala intern-lukmanlary we diplomdan soňky okuwyň diňleýjileri bilen “Ýokanç keseller”, “Epidemiologiýa” dersleri boýunça geçirilýär.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan “Ýokanç keseller” okuw kitaby düzülip neşir edildi, epidemiologiýa boýunça okuw kitaby çapa taýýarlanýar. Kafedrada 300-den gowrak okuw gollanmalary bar. Kafedranyň işgärleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç keseller boýunça işlenip düzülýän maksatnamanyň we buýruklaryň taýýarlanmagyna gös-göni gatnaşýarlar.


Ähli beýan we amaly sapaklar elektron görnüşde görkezilen, kafedranyň görkezme esbaplary bolsa albomlar, jetweller, wideofilmler görnüşinde taýýarlanan. Her tema boýunça testler we okuw-usuly gollanmalar işlenip düzülen. Kafedranyň işgärleri tarapyndan indiki hünärler boýunça “Hünär häsiýetnamalary” taýýarlandy: ýokanç keseller, epidemiologiýa, parazitologiýa, bakteriologiýa, entomologiýa. Okuw ýylynyň dowamynda kafedranyň mugallymlary ýaş mugallymlar, gutardyş ýyllaryň talyplary, kliniki ordinatorlar we ýaş lukmanlar üçin açyk sapaklary, seminarlary geçirýärler.


“Türkmenistanda wirusly gepatitleriň geçiş aýratynlyklaryny öwrenmek” kafedranyň ylmy-barlag işiniň esasy ugry bolup durýar. Köpýyllyklaryň dowamyndaky işleriň netijesinde 2 doktorlyk we 22 kandidatlyk dissertasiýalar goraldy, 12 monografiýa, 1000-den gowrak ylmy makalalar çap edildi.


Kafedranyň işgärleri gaýragoýulmasyz maslahat beriş kömegini amala aşyrýarlar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokanç keselleri boýunça hünärmenlerine bu keselleriň öňüni almakda usuly kömegini berýärler.


Kafedrada “Ýaş infeksionist” ylmy gurnagy bolup, onda talyplar ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň esaslary bilen tanyşýarlar.

     

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar