Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Gurbanmyrat Annamow 


 tel : (+99364) 93-21-23  e-mail: gurbanannamow@gmail.com

Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş binasy, 3 gat, otag 1310



Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ilkinji Ýaşlar guramasy ýokary okuw mekdebinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirijisi bolup durýar we 1991-nji ýyldan bäri öz işlerini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tertipnamasyna we maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Guramanyň esasy wezipeleri: 

- ýaşlary jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmakda işjeň çekmeklik;

- jemgyýetde ýaşlaryň maşgalany, abraýyny berkitmekde ýardam bermek;

- beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmaklygy wagyz etmekde özara gatnaşygy;

- talyplaryň gatnaşmagynda seminarlary, festiwallary, sergileri, ylmy-amaly maslahatlary, ýaryşlary, şeýle hem görnükli jemgyýetçilik işgärleri, alymlar, medeniýet we sport wekilleri bilen duşuşyklary gurnamak;

- haýyr-sahabat we ynsanperwer işlerini amala aşyrmak, mätäç maşgalalara hemmetaraplaýyn kömegini bermek.

Okuw ýylynyň başynda geçirilýän umumy ýygnakda ýaşlarda Watana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine, onuň halkymyzyň parahat we bagtly durmuşyny üpjün etmek babatda alyp barýan parasatly syýasatyna söýgüni we wepalylygy terbiýelemeklik bilen bagly bolan, şeýle hem at gazanan sungat işgärleri bilen döredijilik agşamlaryny we ýurdumyzyň hormatly ýaşululary bilen ahlak, at – abraý, mertebe temasy boýunça söhbetdeşlikleri guramak we geçirmek boýunça iş meýilnamasy düzülýär.

Ilkinji guramanyň işleriniň has wajyp ugurlarynyň biri ýaşlaryň raýat-watançylyk terbiýesidir. Şonuň üçin “Türkmenistan – Bitaraplygyň Watany”, “Garaşsyz ýurduň bagtyýar ýaşlary”, “Bereketli türkmen saçagy”, “Mirasyň gowusy terbiýedir” atly çäreler her ýyl geçirilýär.

Uniwersitetiň Ilkinji guramasynyň işleriniň medeni-köpçülikleýin ugry ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynyň muzeýiniň iri sergilerini; milli däpleri, maşgala gymmatlyklaryna bolan hormaty wagyz etmeklige bagyşlanan “Gyz ahlaklylygy, oglan edebi bilen bellidir” atly duşuşyklary; Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde gurnalan “Maşgala – baş daýanç, saglyk – baş baýlyk”, “Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslary” atly döredijilik duşuşyklaryny; talyplaryň arasynda Halkara Zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramyna bagyşlanan gözellik bäsleşiklerini geçirmekden ybaratdyr.

“Sagdyn bedende – sagdyn ruh” ady bilen geçirilýän sport çäreleri ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kämilleşmegine, uniwersitetiň talyplaryny bedenterbiýe we sport sapaklaryna, sagaldyşa we syýahatçylyga çekmeklige ýardam berýär.

Ýokary okuw mekdebiniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň ýerine ýetirýän işleriniň derwaýys görnüşleriniň biri lukman talyplarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Ýaşlar guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ýylyň talyby”, “Ýaşlar kubogy”, “Ýaş alymlar ” ady bilen her ýyl geçirilýän bäsleşiklere gatnaşygydyr.




Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar