Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň müdiri K. Gaýypow


Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçe, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, 120-nji jaýy, 9-njy gat, 9012 otag.

tel: (+99312)  90-79-45  

e-mail: 




Kafedra 1969-njy ýylda döredildi. Häzirki wagtda onuň okuw binýatlary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Bejeriş-maslahat beriş merkezi, Gaýragoýulmasyz Tiz Kömek merkezi, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanalar.


Kafedrada ähli fakultetleriň talyplary bilen “Anesteziologiýa we reanimatologiýa”, “Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda güýçlendirilen bejergi”, “Gospitala çenli döwürde gaýragoýulmasyz kömek”, “Kliniki fiziologiýa” dersleri boýunça okuw sapaklaryny we fantom okuwyny geçýärler. Lukmanlara hünär kämilleşdiriş okuwy “Anesteziologiýa we reanimatologiýa” ugurlary boýunça alnyp barylýar. Kafedra diplomdan soňky okuw kliniki ordinaturany we aspiranturany öz içine alýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Anesteziologiýa we reanimatologiýa” atly okuw kitaby, 100-den gowrak okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy. Amaly we beýan sapaklar interaktiw, audio we wideo, fantom simulýator usuly ulanmaklyk arkaly geçirilýär.


Ylmy-barlag işleri anesteziologiýanyň we reanimatologiýanyň, hem-de güýçlendirilen bejerginiň esasy ugurlary boýunça geçirilýär: “Kelle çanak beýni şikesinde we täze döremelerinde emeli dem alyşyň aýratynlyklaryny öwrenmek”; “Operasiýadan soňky gartaşan ýaşly näsaglaryň parenteral iýmitlendirmesine baha bermek”; “Öýken-ýürek reanimasiýasynyň esaslaryny mekdep ýaşly çagalara öwretmek” we başg. 150-ä golaý ylmy işleriň tezisleri, 200-den gowrak ylmy makalalar çap edildi. Talyplar bilen ylmy-barlag işleri talyp gurnaklarynda alnyp barylýar.


Kafedranyň güýçlendirilen bejeriş, anesteziologiýa we reanimatologiýa işleri keseli çylşyrymly näsaglaryň kesel kesgidini seljermek we näsaglary alyp barmak, lukmanlara amaly lukmançylyk kömegini bermek ýaly işleri öz içine alýar. Kafedranyň ýerleşýän merkezleri häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, bu bolsa talyplaryň ilkinji kömegi bermekde, agyrynyň sebäbini anyklamakda bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar