Fakultet pediatriýasy kafedrasynyň müdiri 

Maral Amangeldiýewna Şyhlyýewa

tel: (+99312) 43-51-70  e-mail: 


Salgysy:  Aşgabat ş., B.Annanow köçe, jaý 28. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw ylmy merkezi, Fakultet pediatriýasy kafedrasy

3-nji gat.




Kesel bejeriş fakultetiniň çaga keselleri kafedrasy 1932-nji ýylda esaslandyryldy, 1972-nji ýylda pediatriýa fakultetiniň açylmagy bilen bolsa çaga keselleri kafedrasy döredildi, soňra ol “fakultet pediatriýasy kafedrasy” diýip atlandyryldy. Aşgabat şäher çagalar hassahanasy we Kardiologiýa ylmy-kliniki merkeziniň çaga rewmatologiýasy bölümi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi kafedranyň kliniki binýatlarydyr.


Okuwlar iki ders boýunça alnyp barylýar: fakultet pediatriýasy we pediatriýa. Halkara tejribesine, döwrüň talaplaryna we milli däplere laýyklykda kafedrada dünýäde ýetilen sepgitler, ýokary tehnologiýalar, okatmagyň innowasion we sanly bilim usullary giňden ulanylýar. Okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylýar. Kafedrada diplomdan soňky okuw kliniki ordinaturany, aspiranturany, doktoranturany öz içine alýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan türkmen dilinde “Çaga keselleri” okuw kitaby çap edilen; 2 sany okuw gollanmasy: “Çagalarda ýürek keselleri”; “Ene süýdi bilen iýmitlendirmek” we 100-den gowrak okuw-usuly gollanmalar işlenip düzüldi, talyplaryň bilimini barlamak üçin test ýygyndylary taýýarlandy, beýanlaryň multimediýa prezentasiýalary geçirilýär.


Kafedranyň ylmy-barlag işleri indiki ugurlar boýunça alnyp barylýar: cagalarda rewmatiki däl miokarditleriň kliniki, anyklaýyş we bejeriş aýratynlyklary; cagalarda rewmatoid artritiň kliniki-immunologik häsiýetnamasy; ýygy keselleýän çagalarda respirator patologiýany anyklamak we bejerilişini kämilleşdirmek; çagalaryň ýaşyna baglylykda gemorragiki waskulitiň dürli görnüşleriniň kliniki-gematologik aýratynlyklary; çagalarda idiopatiki trombositopeniki purpuranyň kliniki-gematologik aýratynlyklary.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan çykyşlar maslahatlarda we simpoziumlarda diňlenilýär, ylmy işler daşary ýurtlarda we Türkmenistanyň döwürleýin neşirlerinde, ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär. Kafedranyň işgärleri ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirýärler, radioda we telewideniýede, gazet we žurnallaryň sahypalarynda çykyş edýärler.

 

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar