Farmakologiýa kafedrasynyň müdiri Muhammetguly Aşyrowiç Atagaraýew

tel: (+99312) 48-99-23  e-mail:


Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly. Jaý 18. Fiziologiýa binasy, 2-nji gat, 2222-nji otag.




Farmasewtika fakultetiniň farmakologiýa kafedrasy 1932-nji ýylda esaslandyryldy. Kafedrada dört ders okadylýar: “Farmakologiýa”, “Milli lukmançylyk mirasy”, “Sport farmakologiýasy”, “Hytaý lukmançylygynyň farmakologiýasy”, şol sanda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň farmakologik häsiýetleri we toksikologik täsiriniň derejeleri öwrenilýär. Kafedranyň häzirki zaman okuw otaglary iň täze lukmançylyk we farmasewtiki enjamlar bilen üpjün edilen.


Kafedranyň alyp barýan ylmy işleri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” hem-de “Türkmenistan - melhemler mekany” atly kitaplarynyň öwrenilmegine bagyşlanan. Mugallymlar tarapyndan ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhem çaýlaryň adam bedenine edýän täsiri babatda ylmy barlaglar geçirilýär. “Türkmendermansenagat” birleşigi tarapyndan hödürlenýän işler ýerine ýetirilýär, şeýle hem „Türkmenleriň asetilirleýiş metaboliki pasporty” temasy boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan “Farmakologiýa” okuw kitaby neşir edildi, “Milli lukmançylyk mirasy”,“Umumy farmakologiýa”, “Dermanlaryň farmakoterapewtiki toparlar boýunça bölünişi” we beýleki usuly gollanmalar taýýarlandy, 90-a golaý ylmy makalalar çap edildi.


Kafedranyň mugallymlary farmasewtiki fakultetiniň talyplary bilen kuratorçylyk we halypaçylyk işlerini alyp barýarlar, uniwersitetde döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar.


Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar