Göz keselleri kafedrasynyň müdiri lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor G.S.Karanow


Salgysy:  Aşgabat ş., Göz keselleri ylmy kliniki merkezi, 2-nji gat

Tel: (+99312) 92-68-92

E-mail: karanov-kurban@rambler.ru





Göz keselleri kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň binýadynda ýerleşýär. Kafedranyň esasy wezipeleri aşakdakylardan ybarat: ähli fakultetleriň talyplaryny “oftalmologiýa” hünäri boýunça okatmak; kliniki ordinatorlary we intern lukmanlary, aspirantlary (gündizki we gaýybana okuw görnüşleri) we ylymlaryň doktorlaryny; sertifikatlaşdyrylan we attestasion kämilleşdiriş siklleriniň maksatnamalary boýunça oftalmolog lukmanlary taýýarlamak; tematiki kämilleşdirme siklleriniň maksatnamalaryna laýyklykda oftalmologlara göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman ýokary tehnologiýalaryny öwretmek.


Kafedranyň işgärleri okuw-usulyýet işlerini dersiň dürli fakultetlerde okadylyşynyň kärine laýyklykda ugrukdyrmagyň we kämilleşdirmegiň esasynda alyp barýarlar. Soňky 5 ýylda “Göz keselleri”, “Görüş organynyň kliniki anatomiýasy” atly okuw kitaplary we lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin “Göz keselleri” okuw kitaby, 50-den gowrak okuw-usuly gollanmalar çap edildi. Multimediýa enjamlary üçin beýan materiallary, test soraglary, tematiki albomlar, görkezilýän plakatlar we oftalmologiýanyň ähli bölümleri boýunça wideofilmler taýýarlandy. Okuw otaglary häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilen, beýan zaly telelukmançylygyň sapaklary üçin enjamlaşdyrylan.


Kafedranyň işgärleri Lukmançylyk uniwersitetiniň zerur bolan häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň ambulator bölüminde näsaglara maslahat berýärler. Stasionar bejergi aşakdaky ugurlarda geçirilýär: glaukomanyň we kataraktanyň hirurgik bejergisi, kliniki refraksiýanyň anomaliýalaryny hirurgik usullar bilen düzetmek, retinanyň we görüş nerwiniň kesellerini bejermegiň konserwatiw we hirurgik usullary, progressiw miopiýanyň hirurgik öňüni almak, gözüň gan damarly perdesiniñ kesellerini anyklamak we bejermek, gabagyň plastiki operasiýasy, göz almasynyň muskularynyň operasiýalary.


Ylmy işleriň esasy ugurlary – glaukomany, görüş agzasynyň gan damarly perdesini anyklamagyň we hirurgik bejermegiň täze usullaryny işläp düzmek; buýnuzly perdäniň patologiýasy, şeýle hem miopiýany ir anyklamak we bejermek. Kafedrada 10 doktorlyk we 43 kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. Soňky 5 ýylda oýlap tapyş üçin 3 patent alyndy, 70-e golaý ylmy iş çap edildi.


Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar