Fakultet terapiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlaryň kandidaty A.H.Çapau 


Salgysy:  Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly 192, Kardiologiỳa ylmy kliniki merkezi, 2-nji gat, 2170-nji otag

Tel: (+99312) 36-95-89

e-mail: 



Kafedra 1932-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda onuň okuw binýady Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana bolup durýar, ol ýokary tehnologik lukmançylyk kömegini bermekde hünärmenleriň taýýarlygyny amala aşyrýan bitewi ylmy-okuwly toplumdyr.


Kafedra köp ýyllaryň dowamynda öz professorlaryna we mugallymlaryna buýsanýar. Kafedranyň döredilen gününden bäri ondaky işler hünärmenleri diňe stasionarlarda däl, eýsem ambulator-saglyk öýleriniň tapgyrlarynda hem taýýarlamagyň iň gowy däplerinde alnyp barylýar.


Kafedrada ähli fakultetleriň talyplary okadylýarlar, şeýle hem munda iç keselleri boyunça kliniki ordinatorlar hem taýýarlanýar. Okuwlar öňdebaryjy bilim beriş usulyýetiniň ulanylmagy bilen geçirilýär, ol bolsa talyplaryň maglumat taýdan üpjünçiligini we kafedra bilen arabaglanyşygy saklamaga yardam berýär. Munuň özi hünärmenleriň hil taýdan derejeleriniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan monografiýalar we ”Iç keselleri” atly okuw kitaby çap edildi, usuly gollanmalar işlenip düzüldi, beýanlar uniwersitetiň kitaphanasy üçin albom we elektron görnüşinde taýýarlandy. Interaktiw görkeziliş üçin dersiň ähli bölümleri boýunça prezentasiýalar döredildi.


Kafedranyň ylmy-barlag işleri kardiologiýa, pulmonologýa degişli meseleleri öz içine alýar. Ylmy-barlag işleriniň esasy ugry - ýüregiň işemiki keseli, gipertoniýa keseli, kardiomiopatiýalar, miokarditler, dowamly ýürek ýetmezçiligi, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli, bronhial demgysma. Ylmy-barlag işleri döwrebap instrumental usulyýetiň ulanylmagy arkaly ýokary usulyýet derejesinde şu görkezilen temalar boýunça alnyp barylýar: ýüregiñ işemiýa keseli bolan näsaglarda dowamly ýürek ýetmezçiliginiñ çaklama kriterileri we bejerginiñ netijeleri; gartaşan näsaglarda arterial gipertoniýanyň gaýra üzülmeleriniň çaklamasynda wegetatiw nerw ulgamynyň ähmiýeti; mahsus bolmadyk miokarditde ýürek ýetmezçiliginiň geçiş aýratynlyklary; bronhial demgysmaly näsaglarda öýken we merkezi gan aýlanyşygynyň funksional ýagdayý; miokardyň infarkty bolan ýaş we orta ýaşly näsaglarda öňüni alyş çärelerini gurnamagyň ylmy esaslary.


Kafedranyň mugallymlary ylmy-barlag işleriniň netijelerini ylmy žurnallarda çap edýärler we ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edýärler. Kafedranyň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan talyplar Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň bäsleşiklerine gatnaşyp, yzygider baýrakly orunlara mynasyp boldular.




Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar