Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Hoja Jumaýew


Salgysy:  Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 3-nji gat, 3111-nji otag

Tel: +99365 53-28-62  

E-mail: dr.h.dzumaev@gmail.com.



Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kämilleşdiriş okuwlary birnäçe okuw tapgyrlaryndan düzülen:

-  3 aýlyk ilkinji hünär kämilleşdiriş okuwy;

-  1 aýlyk lukmanlaryň hünär kämilleşdiriş okuwy;

-  birnäçe dersler - terapewtik, hirurgik we ortopedik stomatologiýa dersleri boýunça stomatolog lukmanlarynyň integrirlenen ugurlaýyn kämilleşdiriş okuwy;

-  stomatologiýanyň dürli bölümleri boýunça 2 hepdelik lukmanlaryň kämilleşdiriş okuwy;

-  stomatolog lukmanlarynyň bir ýyllyk intern kämilleşdiriş okuwy.

Kämilleşdiriş okuwlaryny tamamlan lukmanlar synaglary tabşyrýarlar we hünär şahadatnamasyny alýarlar.

Terapewtik, hirurgik we ortopediki stomatologiýa dersleri köpdürli tematik ugurlary öz içine alýarlar: ilata stomatologiýa kömegini gurnamak; lukmançylyk deontologiýasy; kliniki-funksional anyklanyşyň häzirki zaman usullary we agyz boşlugyny hem diş-äň ulgamynyň kesellerini barlamakda ortopediki we toplumlaýyn bejergini talap edýän gural usullary; stomatologiýa kesellerini bejermekde fitoterapiýa we fizioterapewtik usullarynyň ulanylyşy. Agyz boşlugynyň we diş-äň ulgamynyň organlarynyň we dokumalarynyň keselleriniň ösüşiniň öňüni almak, şeýle hem olary bejermek kliniki lukmançylyk bölümi hökmündäki stomatologiýanyň esasy ugurlary we kafedranyň beýan we amaly sapaklarynda iň möhüm dersler bolup durýar.

Stomatolog lukmanlaryny gaýtadan taýýarlamagyň okuw prosesinde häzirki zaman öňdebaryjy bilim tehnologiýalary ulanylýar, bu bolsa okaýanlara zerur bolan häzirki zaman bilimlerini almaga we amaly endikleri ösdürmäge, olary amalyýete netijeli ornaşdyrmaga, öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Kafedranyň esasy kliniki binýady Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde ýerleşýär. Kafedrada agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak we bejermek boýunça innowasion tehnologiýalary amalyýete girizmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen beýan otaglarynyň we okuw barlaghanalarynyň zerur bolan toplumy bar.

Ylmy işleriň esasy ugurlary: dişleriň kariýesini, parodontyň dokumalarynyň kesellerini anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň häzirki zaman usullary; agyz boşlugynyň nemli bardasynyň we parodontyň çiş we çiş däl patologiýasy; diş-äň ulgamynyň ösüşinde anomaliýalary anyklamagyň usullary; endokrin keselleri bolan näsaglarda ortopediki kömegiň aýratynlyklary; dowamly odontogen ojaklaryny anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň häzirki zaman usullary.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan "Terapewtik stomatologiýa", “Parodontyň keselleri”, "Stomatologiýa" atly okuw kitaplary çap edildi; esasy okuw dersleri boýunça okuw-usuly we görkezme esbaplary taýýarlandy.

Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar