Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, psiholgiýa ylymlarynyň kandidaty KAtaýew


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly jaý18. Biologiýa bina, 1-nji gat, 3121-nji otag

Tеl: (+99312) 92-71-14

e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm   




Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedrada şu dersler boýunça bilim berilýär: “Türkmenistanyň taryhy”, “Filosofiýa”, “Syýasaty öwreniş”, “Ykdysadyýet nazaryýet”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti”. Kafedrada 3 beýan zaly, şol sanda ylmy-amaly maslahatlary geçirmek üçin zal hem bar, okuw otaglary häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan.


Kafedranyň ylmy-barlag işi Merkezi Aziýanyň halklarynyň filosofiki we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň taryhynyň dürli tapgyrlaryny; tebigat ylymlarynyň filosofiki meselelerini; milletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini, halkara we ahlak terbiýesini; lukmançylyk we saglygy goraýşyň taryhyny öwrenmekden ybaratdyr.


Kafedrada 4 doktorlyk we 6 kandidatlyk dissertasiýa goraldy. Professor-mugallymlar düzümi tarapyndan 400-den gowrak ylmy iş, şol sanda 44 monografiýa neşir edildi. Ylmy işleriň netijeleri ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda, ýurdumyzda we halkara ylmy žurnallarda çap edilýär.


Terbiýeçilik işlerini geçirmek maksady bilen talyplar bilen ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy babatdaky soraglar boýunça duşuşyklar gurnalýar. Kafedrada "Meniň Watanym", "Ýaş filosof", "Ýaş syýasatşynaslar" we “Ilaty durmuş taýdan goramak” atly ylmy gurnaklary bolup, onda ýaşlar barada ýüze çykýan meseleler boýunça talyplaryň arasynda sorag-jogap geçirmeklik işiň bir görnüşi bolup durýar.


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar