Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedranyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty G.K.Petrowa


Salgysy:  Aşgabat ş., O.Annaýew köçe, Morfologiýa merkezi 83,

3-nji gat, 3145 otag

Tel: (+99312) 73-98-47  

e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 



Kazyýet lukmançylygy kafedrasy 1937-nji ýylda esaslanyp, onuň döremegi Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk ekspertizasynyň ösüşi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar we bu kafedranyň işlerine döwlet derejesinde mynasyp baha berildi.


Kafedrada okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri Türkmenistanyň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň binýadynda geçirilýär.






















“Kazyýet lukmançylygy” dersi 4-5-nji ýyl talyplaryna okadylýar, “Hukuk” dersi bolsa ähli fakultetleriň 1-nji ýyl talyplaryna öwredilýär. Amaly sapaklar geçirilende görkezme esbaplar, okuw-usuly toplumyň kesgitli temalary boýunça wideomateriallar ulanylýar, Türkmenistanyň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň bölümlerinde ejir çekenler ambulator kabul edilýär we jesetleriň barlagy geçirilýär. Kafedranyň işgärleri kazyýet-lukmançylyk seljermeleriniň geçirilişine gatnaşýarlar.






















Kafedranyň okuw otaglary we beýan zaly göni aragatnaşyk arkaly seksion zal bilen baglanyşyklydyr, bu bolsa jesetleriň autopsiýasyny gös-göni okuw otaglaryna görkezmäge mümkinçilik berýär.














































Kafedranyň professor-mugallymlarynyň düzümi tarapyndan 5 okuw kitaby, “Jesetleriň we diri adamlaryň kazyýet-lukmançylyk seljermesini geçirmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar” çap edildi, 70-den gowrak usuly we okuw-usuly gollanmalar düzüldi. Döwlet dilinde “Kazyýet lukmançylyk bilermenleri üçin hünär gollanmasy” neşire taýýarlandy.

Kafedranyň ylmy-barlag işleri şu görkezilen temalar boýunça alnyp barylýar: “Ýüregiň işemiki keselinde we käbir endokrin kesellerinde tarpa-taýyn ölüm”, “Lukmançylyk işgärleriniň hünär kanun bozulmalary boýunça geçirilýän kazyýet-lukmançylyk seljermeleriň ilata berilýän lukmançylyk kömegini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti”, “Morfin bilen ýiti we dowamly zäherlenmede içki beden agzalaryň mikrogurluş we elektrolit düzüminiň üýtgemeleri”. Barlaglaryň netijeleri boýunça 200-den gowrak ylmy makala çap edildi, 20-den köp ylmy-usuly golanma, 10 sany ylmy teklip taýýarlandy, 1 sany doktorlyk we 4 sany kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.



Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar