Dikeldiş we sport lukmançylygy fakulteti 





Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň dekany, kadaly fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy Batyr Süleýmanowiç Gurbangulyýew


tel: (+99312) 48-99-24 e-mail: 

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 18. Fiziologiýa binasy, 1-nji gat, otag 2115





Myrat Garryýew  adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakulteti 2021-nji ýylda açylyp, ol Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport desgalarynda we saglygy goraýyş pudaklarynda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Fakultetde okuw maksatnamasyny özleşdirmegiň möhleti 6 ýyl.

Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň talyplary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş we öňüni alyş merkezlerinde , hassahanalarynda, we Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport desgalarynda okuw we önümçilik tejribeliklerini geçýärler.

Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň talyplary professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýokary derejeleri gazanýan türgenleriň bedenindäki morfofunksional aýratynlyklaryny, sagaldyjy türgünleşikleriň lukmançylyk üpjünçiligi, türgenlerde duş gelýän keselleriň sebäpleri, bejerilişi, öňüniň alnyşy, türgenleriň agramlardan soňky gaýtadan dikelme hadysalary we fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen ulanylýan esasy serişdeleri, ýaşlarda bedeniň ösüşiniň kämilleşmegine, fiziki görkezijileriň ýokarlanmagyna, funksional ýagdaýlaryň gowulanmagyna getirýän, dürli howa we klimat şertlerinde lukman – pedagogiki barlaglarynyň aýratynlyklary ýaly wajyp soraglary giňden öwrenilýär. Talyplar uniwersitetiň dürli kafedralarynda ylmy işler bilen meşgullanýarlar. Bu ylmy işler boýunça alnan netijeler bilen dürli derejede yzygiderli geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarynda çykyşlar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýaş alymlaryň arasynda yglan edýän bäsleşigine gatnaşmak üçin hödürlenilýär we ýylyň ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolunýar.

Kafedralaryň mugallymlary dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň talyplary bilen kuratorçylyk we halypaçylyk işlerini alyp barýarlar, ýokary okuw mekdebiniň we Aşgabat şäheriniň çäginde Milli baýramçylyklara bagyşlanyp geçirilýän medeni köpçülik çärelerine, dabaralara işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem, meýletinçi bolup, Aşgabat şäherinde geçirilýän ýurt we dünýä derejesindäki sport çärelerine gatnaşýarlar.

Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetini tamamlaýan uçurymlar Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky sport mekdeplerine, desgalaryna işe ugradylýar.



Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar