Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gülbahar Amannazarowna Geldiýewa
tel: (+99312) 43-51-73 e-mail:
Salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçe 28, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw ylmy merkezi, 1-nji bina, 3-nji gat.
Çaga hirurgiýasy kafedrasy 1977-nji ýylda döredildi, onuň mugallymlary pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyplaryna “Hirurgik näsag çagalara seretmegiň esaslary” dersinden we kesel bejeriş, pediatriýa fakultetleriniň 5-nji ýyl talyplaryna “Çaga hirurgiýasy we ortopediýa” dersinden okuw sapaklaryny geçýärler.
Sapaklaryň geçirilýän döwründe USB-niň maglumatlary, rentgen suratlary, barlaghananyň netijeleri we gurallar arkaly geçirilýän barlaglaryň usullary, şeýle-de laparoskopiki operiýasiýalaryň wideoşekilleri ulanylýar. Nazary bilimleri berkitmek maksady bilen talyplara näsagyň keseliniň taryhynyň doldurylyşy öwredilýär, operasiýa otaglarynda olar ikinji kömekçi lukmanlar hökmünde işleýärler. Diplomdan soňky taýýarlyk okuwy lukmanlaryň kämilleşdirişini, kliniki ordinaturada, aspiranturada we doktoranturadaky okuwlary öz içine alýar.
Kafedranyň mugallymlary tarapyndan “Çaga hirurgiýasy” we “Çaga hirurgiýasynda amaly endikler” atly kitaplar türkmen dilinde çap edilen, 30-dan gowrak okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy. Beýan materiallary elektron görnüşinde taýýarlanan, kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň talyplarynyň bilim derejesini barlamak üçin test ýumuşlary düzülen.
Bejeriş işleri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezinde hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçirilýär. Kafedranyň işgärleri lukmanlaryň irdenki maslahatlaryna, konsiliumlara gatnaşýarlar, kesel taryhlaryna syn berýärler, bejeriş-anyklaýyş işlerine gatnaşyp, operasiýalary edýärler, ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda sanitar awiasiýasy boýunça näsaglara maslahatlary amala aşyrýarlar, çaga hirurgiýasy boýunça ussatlyk sapaklaryny we görkeziji operasiýalary geçirýärler.
Ylmy-barlag işleri şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: 1). Çagalarda dogabitdi kemislikler (oňurga-beýni ingileri, portal gipertenziýa sindromy, uretranyň daralmagy). 2). Çagalarda parazitar keselleriň hirurgik bejerilişi. 3). Rekonstruktiw - dikeldiş hirurgiýasy boýunça meseleler.
Kafedrada 4 doktorlyk we 3 kandidatlyk dissertasiýalary goraldy, 10 sany oýlap tapyşlara patent, 3 sany rasionalizatorlyk tekliplere şahadatnama alyndy. Türkmenistanyň döwürleýin neşirlerinde we daşary ýurtlarda (Ýaponiýa, Polşa, Russiýa, Türkiýe) 200-den gowrak ylmy işler çapdan çykaryldy.
Kafedrada “Gippokrat” atly ylmy gurnak hereket edýär, oňa kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň işjeň talyplary gatnaşýarlar.