Kadaly fiziologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň 

kandidaty, dosent M.S.Myradowa


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 18, fiziologiýa bina, 1-nji gat

Tel: (+99312) 48-99-24  

E-mail: tdlutm@online.tm




Kadaly fiziologiýa kafedrasy 1934-nji ýylda esaslandyryldy, döredilen gününden bäri kafedranyň işgärleri uly okuw we ylmy işleri alyp barýarlar.


Kafedrada ähli fakultetleriň talyplary umumy we hususy fiziologiýany öwrenýärler. Beýan we amaly sapaklar ýörite enjamlaşdyrylan barlaghanalarda we operasiýa otagynda okatmagyň interaktiw usullarynyň ulanylmagy bilen geçirilýär. Kafedranyň işgärleri beýleki kafedralar we ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde teleköprüleri geçirýärler.


Ylmy barlaglar elektrofiziologiýanyň meselelerini, adam bedenine mikroelementleriň täsirini, yssy howa şertlerinde organizmiň fiziologik aýratynlyklaryny öz içine alýar. Şol barlaglaryň netijeleri boýunça 350-den gowrak ylmy işler çapdan çykdy, 3 monografiýa neşir edildi, 4 doktorlyk we 18 sany kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.


Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arid şertlerine organizmiň uýgunlaşmasynyň immunologik esaslarynyň toplumlaýyn öwrenilişi kafedranyň ylmy-barlag işiniň esasy ugry bolup durýar. Bu tema boýunça ylmy barlaglar Türkmenistanyň ýerli ilatynyň fiziologik görkezijilerini we olara üýtgäp durýan howa şertleriniň täsirini öz içine alýar.


Kafedrada hereket edýän ylmy gurnakda talyplar goşmaça ylmy barlaglary geçirýärler, ylmy edebiýatlar bilen işlemegiň endiklerini ele alýarlar, elektron kitaphananyň we internetiň ulanylyşyny öwrenýärler. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda we Ýaş alymlaryň bäsleşiklerinde edilen çykyşlar ylmy işleriň netijeleri bolup durýar.

     



Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar