Şöhle bilen anyklaýyş,bejeriş we onkologiýa kafedranyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Annamyrat Annamuhammedow

tel: (+99312) 48-98-01  e-mail:


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, Onkologiýa merkezi jaý 22. 11-nji gat, 211005 otag.



Kafedra rentgenologiýa ugrunyň binýadynda 1938-nji ýylda döredildi, häzirki wagtda onuň kliniki binýady Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bolup, onda beýan we amaly sapaklar geçirilýär.


Lukmançylyk radiologiýasyny we rentgenologiýasyny, ultrases barlagynyň meselelerini, kliniki rentgenologiýany, umumy we hususy onkologiýany uniwersitetiň ähli fakultetleriniň talyplary öwrenýärler. Beýanlarda multimediýa tehnologiýalary ulanylýar. Amaly sapaklarda talyplar rentgen anyklaýşyň, ultrases barlagynyň, kompýuter tomografiýasynyň, magnit-ýader rezonans tomografiýasynyň, angiografiýanyň we beýleki häzirki zaman usullaryny öwrenýärler. 5-6 ýyl talyplary näsaglaryň kesellerini anyklamagyň we bejermegiň usullaryny özleşdirýärler, özbaşdak we mugallymlaryň kömegi bilen olaryň barlagyna gatnaşýarlar, keseliň taryhyny ýazýarlar, barlag we bejergi boýunça alnan netijeleri ara alyp maslahatlaşýarlar.


Kafedrada kliniki ordinatorlar we aspirantlar “rentgenologiýa”, “onkohirurgiýa”, “onkologiýa” hünärleri boýunça taýýarlanylýarlar, onkolog we rentgenolog lukmanlarynyň diplomdan soňky hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça tapgyrlaýyn sapaklar geçirilýär.


Kafedranyň kliniki binýadynda döş kapasasynyň, garyn boşlugynyň, aşgazan-içege ýollarynyň, peşew we öt çykaryjy ulgamlarynyň organlarynyň şöhleleýin barlag usullary (rentgenologik, ultrases, kompýuter tomografiýasy, ýader-magnit rezonansy we başg.) ulanylýar. Kafedranyň onkohirurglary howply çişleriň hirurgik, utgaşdyrylan we toplumlaýyn bejergisini ýerine ýetirýärler; ýogyn içegäniň, aşgazanyň, süýt mäzleriniň ragynyň, süňk dokumasynyň çişleriniň plastiki we dikeldiş hirurgiýasyny amala aşyrýarlar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan onkologiýa we rentgenologiýa boýunça okuw kitaplary türkmen dilinde çap edildi, olar gaýtadan neşir edilmäge taýýarlanylýar. Talyplar üçin usulyýet görkezmeler işlenip düzüldi, beýanlaryň multimediýa prezentasiýalary döredildi. Esasy okuw-usuly maglumatlar uniwersitetiň lukmançylyk kitaphanasy üçin elektron görnüşinde hödürlenen.


Kafedranyň ylmy-barlag işleri aşakdaky ugurlarda alnyp barylýar: süňk we ýumşak dokuma çişlerini anyklaýyş netijeleri we bejeriş usullary; göni içegäniň howply täze döremeleriniň ýerli ýaýran görnüşlerini bejermegiň aýratynlyklary; deriniň melanomasynyň çaklama faktorlaryny öwrenmek; osteoartrozlaryň, ýetginjek, reaktiw we rewmatoid artritleriň anyklanyşynyň dürli şöhleleýin usullaryna deňeşdirme baha bermek; kolorektal ragynyň dessiminirlenen görnüşleriniň anyklanyşyny we bejergisini gowulandyrmagyň ýollary; ýumşak dokumalaryň sarkomasy bolan näsaglary anyklamagyň we bejermegiň usullaryny kämilleşdirmek.


Kafedrada 3 doktorlyk, 8 kandidatlyk dissertasiýalary goraldy, 600-den gowrak ylmy makala, 5 monografiýa neşir edildi, 5 oýlap tapyş üçin patent alyndy, 90-dan gowrak täzeçillik teklipleri işlenip düzüldi.


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar