Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent A.A.Allaberdiýew


Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, Kardiologiỳa ylmy kliniki merkezli hassahana jaý 192, 7-nji gat, 7112-nji otag

Tel: (+99312) 97-14-82 

e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 


            

Gospital terapiýa kafedrasy 1935-nji ýylda döredildi, häzirki wagtda onuň okuw binýatlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Bejeriş-maslahat beriş merkezi we Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanadyr.


Kafedrada ähli fakultetleriň talyplary bilen iç we hünär keselleri, sport kardiologiýasy, gospital terapiýa, hytaý lukmançylygy, kliniki farmakologiýa, kliniki fiziologiýa dersleri boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Lukmanlara hünär kämilleşdiriş okuwy “Iç keselleriniň wajyp meseleleri”, “Kliniki farmakologiýa” ugurlary boýunça alnyp barylýar. Kafedrada diplomdan soňky okuw kliniki ordinaturany, aspiranturany we doktoranturany öz içine alýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Iç keselleri”, “Kliniki farmakologiýa”, “Iç keselleriniň anyklanyş tapawutlandyrmasy” atly okuw kitaplary, 300-den gowrak okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy. Amaly we beýan sapaklar interaktiw usuly ulanmaklyk arkaly geçirilýär.


Ylmy-barlag işleri iç keselleriniň esasy ugurlary boýunça geçirilýär:“Ýürek-damar ulgamynyň käbir keselleri bolan näsaglaryň psihosomatiki ýagdaýy we olaryň derman bejergisini sazlamak”; kliniki farmakologiýa boýunça: “Türkmenistanyň dermanlyk otlarynyň farmakokinetikasyny we farmakodinamikasyny öwrenmek”; we başg. 3000-e golaý ylmy işleriň tezisleri, 2000-den gowrak ylmy makalalar, 15 sany monografiýa çap edildi. Talyplar bilen ylmy-barlag işleri talyp gurnaklarynda alnyp barylýar.


Kafedranyň bejeriş-anyklaýyş işleri keseli çylşyrymly näsaglaryň kesel kesgidini seljermek we näsaglary alyp barmak, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde lukmanlara amaly lukmançylyk kömegini bermek ýaly işleri öz içine alýar. Bejeriş-maslahat beriş binýatlar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, bu bolsa talyplaryň keselleri anyklamakda bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar