Halkara Olimpiadasy

Biologiýa boýunça 4-nji Halkara internet olimpiadasyna 

HOŞ GELDIŇIZ!

Olimpiadanyň maksady:

a)  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;

b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;

ç)  häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek.

Olimpiadanyň wezipesi:

a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.


Olimpiadasynyň geçirilişi barada 

GÖZÜKDIRIJI 

Internet olimpiada gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli olimp2.tdlu.edu.tm salgyda registrasiýa etmeli.

Internet olimpiada gatnaşyjylaryň login we paroly onuň elektron poçtasyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden bir gün öň ugradylar.

Internet olimpiadanyň test soraglary we ýumuşlary 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça 12:00-da (GMT+5) olimp1.tdlu.edu.tm we olimp2.tdlu.edu.tm salgy boýunça açylar.

Internet olimpiadanyň dowamlylygy 150 minut. Bellenilen wagt tamamlanandan  soňra jogaplar kabul edilmeýär we Olimpiada degişli programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda ýapylar.

Kompýuterler we web-kameralar Internet toruna birikdirilen bolmaly.

Internet olimpiada wagtynda wideoaragatnaşyk Zoom programma üpjünçiligi arkaly amala aşyrylar. Wideoaragatnaşyga birikmek üçin ssylka ulanyja login we parol bilen bilelikde ugradylar.

Internet olimpiada gatnaşyjylar öz adyny we familiýasyny Zoom-da girizmeli we hökman “Ekranyň demonstrasiýasy” funksiýasyny açmaly.

Internet olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe ýazuw esbaplaryny, ýagny ruçka we galam alyp bilerler.

Internet olimpiada gatnaşyjylar kalkulýatordan peýdalanyp bilerler.

Internet olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli.

Internet olimpiada geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär.

Internet olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýüz tutup biler.

Internet olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde berler.

Ýokarda görkezilen düzgünleri bozan gatnaşyjynyň internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11; +993-65-68-25-42;

Elektron salgymyz: tdlu.iolimp@gmail.com

Guramaçylyk topary

Esasy görkezijiler
5868
Talyplar
57
Ugurlar
470
Mugallymlar