Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri 

Saipow Geldimyrat Tekemyradowiç 


tel: +993 65 36-10-12  e-mail: 

Salgysy:  Aşgabat ş., Bekrewe köçe, Jaý 58 , Merkezi harby hassahanasy,

2-nji gat, 6-nji otag.





2012-nji ýylda Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň düýbi tutulan.

Kafedra ilkinji gezek J. Gurbandurdyýew ýolbaşçylyk edipdir (2012-2014 ý.ý.). Soňky ýyllarda A.Akyýew (2014-2015 ý.ý.),  S. Mämetýazow (2015-2016 ý.ý.), maýory A. Osmanow (2016-2018 ý.ý.) kafedra müdiri wezipesinde işlediler.  2018-nji ýyldan häzirki wagta çenli kafedranyň müdiri wezipesini G.Saýypow alyp barýar.

          

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Harby hassahanasy, Harby meýdan hirurgiýasy kafedranyň esasy okuw bazasy bolup durýar.

          

Kafedrada “Hirurgiki keselleri” we “Ekstremal lukmançylygy” dersleri boýunça kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, sport lukmançylygy, harby lukmançylygy fakultetleriniň talyplary bilen amaly we beýan sapaklary geçirilýär.

          

Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Harby meýdan hirurgiýa” we “Ekstremal lukmançylygy” atly okuw kitaplary; Harby meýdan hirurgiýa dersinden türkmen we iňlis dilinden 14 sany okuw usuly gollanmalar taýýarlanyldy. Hemme fakultetler üçin okuw iş maksatnamalar  taýýarlanyldy. Okuw otaglar gerekli okuw esbaplar bilen üpjün edilen. Amaly we beýan sapaklar interaktiw usuly ulanmak arkaly geçirilýär.

          

Kafedrada ylmy gözegçilik işleri hirurgiki keselleriň esasy ugurlaryna salgylanmak arkaly geçirilýär.

          

Näsaglara bejeriş-maslahat beriş işleri kafedranyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Harby hassahanasynda alnyp barylýar. Ol öz içine keseli çylşyrymly näsaglaryň kesel kesgidini seljermek, görkezilen hassahanalaryň dürli bölümlerinde näsaglary alyp barmak, amaly lukmançylyk  kömegini meýdan şertlerinde bermek ýaly işleri jemleýär. Bejeriş maslahat beriş bazalary häzirki zaman täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjin edilen, täze şertlerde okuw sapaklaryny geçmek talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär.


Okuw rejesine laýyklykda harby lukmançylyk fakultetiniň talyplary tomusky tejribe sapaklaryny harby bölümleriniň lukmançylyk nokatlarynda geçýärler.
Şol ýerde olar harby gullukçylara lukmançylyk kömegini bermäge öwrenýärler hem-de tejribe amallaryny gazanýarlar. Bu hadysa talyplaryň gelejiginde uly kömek eder.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar