Bedenterbiýe kafedrasy


Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 18, Sport merkezi, 1-nji gat, 7104-nji otag

Tеl: (+99312) 48-99-41

e-mail: 





Bedenterbiýe kafedrasy öz gözbaşyny 1932-nji ýyldan, ýagny Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň açylan gününden alyp gaýdýar.


Okuw sapaklary ähli fakultetleriň 1-2-nji ýyl talyplary üçin hepdede 2 sagat möçberinde niýetlenip, hökmany hasap bilen tamamlanýar. Täze “sport lukmançylygy” hünäriniň girizilmegi bilen kafedrada “Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti”, “Bedenterbiýäniň we sportuň taryhy” we “Sport türgenleşiginiň usulyýeti” diýen täze dersler okadylyp başlandy.


Kafedrada ylmy işler aşakdaky ugurlarda alnyp barylýar: bedenterbiýe boýunça okuw sapaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň serişdeleri we usullary; bedenterbiýe ulgamynyň mediko-biologik esaslandyrmasy; bedenterbiýe we sport serişdeleriniň saglygy berkitmek maksatlary bilen ulanylyşy; sport türgenleşiginiň usulyýetini kämilleşdirme.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça usuly gollanmalar taýýarlandy we çap edildi: “Basketbol boýunça trenažýorlar”, “Bedenterbiýe we geljekki hünärmeniň şahsyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşi”, “Woleýbol - oýnuň tehnikasy, taktikasy” atly okuw kitaby çap edildi.


Ýokary okuw mekdebinde Talyplar sport kluby işjeň hereket edýär. Okuw we türgenleşdiriji sapaklardan başga-da, okuw ýylynyň dowamynda sport-köpçülikleýin, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça fakultetleriň arasynda ýaryşlar geçirilip, “Saglyk ýoluna” ýörişler yzygiderli gurnalýar, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň arasynda sport-köpçülikleýin çäreleri geçirilýär.  

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar