Patologik anatomiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Bazar Seýitmämmedowiç Halmedow

tel: (+99312) 73-75-82  e-mail: 


Salgysy:  Aşgabat ş., 2255(O.Annaýew) köçe, Morfologiýa merkezi 83 jaý. 

3-nji gat, 3069-njy otag.



   

Patologik anatomiýa kafedrasy 1934-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda umumy we aýratyn keselleriň patologik anatomiýasy boýunça okuw sapaklary talyplar, kliniki ordinatorlar bilen geçirilýär, şeýle hem kafedrada amaly saglygy goraýşyň lukmanlary öz hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan patologik anatomiýa we ýokanç keselleriň patologik anatomiýasy boýunça okuw kitaplary, atlas neşir edildi, “Distrofiýalar we olaryň amaly lukmançylykdaky ähmiýeti”, “Alawlamalaryň kliniki-morfologik esaslary”, “Keseli kesgitlemegiň düzgünleri”, “Bäbekleriň pnewmoniýalary we pnewmopatiýalary”, “Gan aýlanyşygynyň bozulmalary”, “Çişleriň kliniki-morfologik esaslary”, “Kompensator-uýgunlaşma ýagdaýlary”, “Ýürek-damar ulgamynyň keselleri”, “Dem alyş ulgamynyň keselleri”, “Aşgazan-içege ýollarynyň keselleri”, “Bagyr keselleri”, “Böwrek keselleri”, “Hünär keselleri”, “Galkan şekilli mäziň kadaly we patologik ýagdaýdaky morfologiýasy” atly we beýleki usuly gollanmalar işlenip düzüldi.


Kafedrada uly göwrümli ylmy işler alnyp barylýar: biologik taýdan işjeň tebigy we himiki maddalaryň iriňli ýaralaryň we süňküň döwlen ýeriniň bitmegine ýetirýän täsiri; deri leýşmaniozynyň patologik anatomiýasy; aterosklerozyň, gipertoniki keseliň, bagryň we endokrin ulgamynyň keselleriniň kliniki-anatomik deňeşdirmesi; plasentanyň morfologik ýagdaýy öwrenilýär. Türkmenistanda bitýän käbir dermanlyk ösümlikleriň beden agzalaryna we dokumalara ýetirýän täsirini barlag şertlerde, morfologik nukdaýnazardan öwrenmeklik ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Kafedra beýleki kafedralar we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş edaralary bilen bilelikde “Ýürek-damar ulgamynyň anatomik, patomorfologik aýratynlyklary hem-de ýürekde işemiýa keseli ýüze çykanda olaryň görkezijilerini kesgitlemek” atly ylmy işiň ýerine ýetirilmegine gatnaşýar.


Kafedrada talyplaryň ylmy gurnagy hereket edýär, onuň işiniň görnüşleriniň biri makro- we mikroserişdeleri taýýarlamak, arhiw materiallaryny öwrenmek we başg. bolup durýar. Kafedranyň assistentleri kliniki-anatomik maslahatlara, biopsiýa we seksion materiallar boýunça çylşyrymly ýagdaýlaryň seljermesine, patologoanatomik diagnozyň goýluşyna, usuly gollanmalaryň taýýarlanyşyna gatnaşmak bilen amaly saglygy goraýşa ýardam berýärler.








Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar