Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 

Salgysy: 744036, Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly, 18.

Iş telefonlary: (+99312) 48-98-51

Fax: (+99312) 48-98-73

Elektron salgysy: tdlutm@tdlu.edu.tm






















Lukmançylyk bilimi ösüşleriň ak ýolunda

 

Türkmen döwlet lukmançylyk instituty 1931-nji ýylda döredildi. 2010-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen institut Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti diýlip üýtgedildi. 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri bolsa uniwersitet Myrat Garryýewiň adyny göterýär.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy üçin lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir.


Häzirki döwürde talyplar 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen, halkara ülňülerine laýyk gelýän, täze binalar toplumynda okap bilim alýarlar. Bu täze okuw toplumynda talyplary okatmak, ylmy barlaglary geçirmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilen.


Uniwersitetiň döredilmegi bilen onuň düzüminde täze fakultetler we hünärler açyldy hem-de kliniki binýatlar girizildi: sport lukmançylygy fakulteti we Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi (2011 ý.), harby lukmançylyk we diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetleri (2012 ý.), Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi (2013 ý.), kesel bejeriş fakultetiniň düzüminde Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk hünäri (2014 ý.), Harby lukmançylyk fakultetiniň düzüminde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi hünäri we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi (2015 ý.), Kesel bejeriş fakultetiniň düzümine ýene-de bir täze Lukmançylyk-durmuş goragy işi hünäri (2018 ý.) Dikeldiş we sport lukmançylygy fakulteti (2021 ý.)girizildi.

























Häzirki döwürde uniwersitetiň gurluşyna 8 sany fakultet, 57 sany kafedra, Göz keselleri ylmy-kliniki, Stomatologiýa okuw-önümçilik, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy, Ylmy-barlag, Lukmançylyk biotehnologiýasy, Sport lukmançylygy, Habar beriş–hasaplaýyş merkezleri, Talyplar sport kluby, Elektron kitaphana, Okuw, Okuw-usuly, Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş hem-de Aspirantura bölümleri girýär.


Fakultetler:


1. Kesel bejeriş fakulteti (6 ýyl)

2. Pediatriýa fakulteti (6 ýyl)

3. Farmasewtika fakulteti (5 ýyl)

4. Stomatologiýa fakulteti (5 ýyl)

5. Keselleriň öňüni alyş fakulteti (6 ýyl)

6. Dikeldiş we sport lukmançylygy fakulteti (6 ýyl)

7. Harby lukmançylyk fakulteti (6 ýyl)

8. Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakulteti.


Uniwersitetde talyplary okatmagyň dünýä talaplaryna laýyk gelýändigini göz öňünde tutup, 2011-nji ýylda “Ýewropanyň biznes assambleýasynyň” Halkara guramasy tarapyndan uniwersitete “Ýewropa hili” diýen halkara sylag berildi.


Uniwersitet diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetinde taýýarlygy we gaýtadan taýýarlygy amala aşyrmak bilen üznüksiz hünär bermeklige işjeň gatnaşýar. Ýokary we goşmaça hünär bilimini bermek meýilnamasy boýunça uniwersitetde her ýylda 3000-e golaý lukman okadylýar.


Halkara hyzmatdaşlyk


Häzirki döwürde lukmançylyk uniwersiteti bilen köpsanly daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň arasynda ysnyşykly, birek-birege bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu babatda lukmançylyk uniwersitet bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň Federal döwlet býujet bilim beriş edarasy “Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň” hem-de Rumyniýanyň Karol Dawila adyndaky Lukmançylyk we farmasewtiki uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyklara gol çekildi.


Hyzmatdaşlygyň çäklerinde keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň döwrebap usullaryny amaly saglygy goraýşa ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça türkmen hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçilýär, Türkmenistanda daşary ýurtly lukmanlar bilen tejribe alyşmak işleri amala aşyrylýar, ýurtlaryň kliniki merkezleriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar, bilelikde ylmy işler geçirilýär, dünýä belli lukmançylyk tehnikalaryny öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk ösýär we giňelýär.
















Ylmy işler


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde alnyp barylýan ylmy işleriň esasy ugurlary:


1. Türkmenistanyň yssy we gurak howa şertlerinde dürli keselleriň anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş usullaryny kämilleşdirmek;


2. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýürek-damar keselleriniň bedeniň beýleki agzalaryna täsirini ýüze çykarmak;


3. Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmek;


4. Türkmenistanyň şypahanalarynyň bejeriş palçyklarynyň we mineral suwlarynyň bejeriji häsiýetlerini ylmy taýdan esaslandyrmak;


5. Çaga we aýal keselleriniň bejergisiniň netijeliligini gowulandyrmak;


6. Aýratyn howply ýokanç keseller bilen göreşmek we olary ýok etmek;


7. Milli lukmançylyk mirasymyzyň – Abu Aly Ibn Sinanyň (Awisenna), Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň we beýleki alymlaryň gazananlaryny öwrenmek.


Ylmy işleriň netijeleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çap edilýän ylmy žurnallarda neşir edilýär, ýurt möçberinde we halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlarda çykyşlar edilýär. Uniwersitetiň ýaş alymlary we talyplary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ylmy ýaryşlara, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar we ýylyň-ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.


Kliniki binýatlar


Uniwersitetde lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak dürli ugurly we uniwersitetiň düzümine girýän kliniki binýatlarda:


1. Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde;

2. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde;

3. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezinde alnyp barylýar.





















Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bu ilata, şol sanda aýratyn sosial goraga mätäç çagalara we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryna, şeýle-de 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we tylda bolanlara, olaryň yzynda galanlara hem-de Owganystanda gulluk edenlere göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň dürli usullaryny amala aşyrýan täze nesliň klinikasydyr.


Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden: çagalaryň göz kesellerini bejeriş (25 orun), gözüň umumy kesellerini bejeriş (20 orun), gaýragoýulmasyz kömek, lazer, kabul ediş we barlamhana bölümlerinden ybarat.


Kabul ediş bölüminiň düzüminde döwrebap enjamlar: foropter, awtorefraktometr, pnewmotonometr, yş çyrasy, sinoptofor, ambliokor, akkomodotrener bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň görüşini saklaýan 2 otag işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek täze doglan bäbekleriň agyr patologiýalaryny, köplenç ýetik däl çagalaryň görüşiniň ýitmegine – retinopatiýa getirýän agyr patologiýalary irki döwürlerde anyklamaga, gündelik gözegçilik etmäge we bejergä baha bermäge niýetlenen iň täze retinal pediatrik ulgam “RetCam” enjamy goýlan. Şeýle-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde täze ultrases apparaty “AVISO” (Fransiýa), “HRT-3” (Germaniýa); “Spectralis OCT HRA” (Germaniýa) bilen enjamlaşdyrylan anyklaýyş otagy hem hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde döwrebap enjamlaşdyrylan fiziobejeriş otagy hem bar. Umumy agyrysyzlandyrma bilen çagalarda operasiýalaryň ähli görnüşleriniň şowly geçmegi “DRAGGER” (Germaniýa) enjamynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu täze enjamlaryň ählisi göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işlemäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.






















Merkeziň işinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda oftalmologlar we Göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumyny geçirmek bilen, çagalaryň görüşini goramagyň üstünlige eýe bolýan meselelerine uly üns berilýär. Bu öz gezeginde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli edaralarynda we orta mekdeplerinde işlenip düzülen öňüni alyş hem-de usuly maksatnamalary ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar baglarynyň taýýarlyk toparlarynyň terbiýeçileri we mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary bilen wagtly-wagtynda maslahatlary geçirip durmaga, şeýle-de okuw hem-de terbiýeçilik wagtyndan aýrylmasyz göz keselleriniň skriningini hem-de monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň işgärleriniň maksada okgunly işlemekleri refraksiýanyň anomaliýalarynyň we beýleki göz keselleriniň döremegine ýykgyn çagalaryň howp toparyny ir ýüze çykarmaklygyny, şeýle-de olary öz wagtynda bejermegi hem-de gaýra üzülmeleriniň öňüni almagyny üpjün edýär.


Ylmy-barlag işlerde lukmançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýokary derejeli şowakörlügiň, çaşylygyň, dogabitdi kataraktanyň we glaukomanyň, täze döremeleriň, alawlama we distrofik keselleriň hem-de çagalaryň görüş agzasynyň beýleki patologiýalarynyň öňüni almaklyga, anyklamaklyga we bejergisine aýratyn üns berilýär. Dogabitdi glaukomanyň we çaşylygyň hirurgik bejergisinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Russiýaly oftalmologlar bilen bilelikde ysmaz we burun tarapa gidýän çaşylygyň hirurgik bejergisiniň täze usullary işlenip düzüldi (Oýlap tapyşyň patentleri №2483699; №2584077).


Merkeziň ýokary derejeli hünärmenleri Göz keselleri kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly kärdeşlerimiziň tejribelerini giňden ulanmak bilen, bejeriş-maslahat beriş, usuly we ylmy-barlag işlerini anyp barýarlar. Oftalmologiýa ylmyny we ýaşlaryň hünär tejribelerini ösdürmek maksady bilen halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. 2019-njy ýylyň martynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň arasyndaky gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ýaş türkmen oftalmologlarynyň diplomdan soňky hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnama we olaryň halkara ylmy-amaly maslahatlara hem-de forumlara gatnaşmaklygy üstünlikli amala aşyrylýar.




















Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde iň ýokary tehniki we hünär derejesinde ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek boýunça ähli täze şertler we mümkinçilikler döredilen.


Merkezde uniwersitetiň stomatologiýa fakultetiniň talyplaryny okatmak üçin ähli şertler, Ortopedik we hirurgik stomatologiýa, Terapewtik stomatologiýa, Çaga stomatologiýasy, Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw we bejeriş otaglary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otagy bar.


Merkeziň düzümine bäş bölüm, ýagny çagalar, terapewtik, hirurgik, ortopedik stomatologiýa we funksional anyklaýyş bölümleri girýär. Merkeze näsaglaryň ilkinji ýüz tutmagy gigiýeniki otagdan başlanýar. Bu ýerde çagalara agyz boşlugynyň gigiýenasy üçin serişdeleri saýlap almagy we olardan dogry peýdalanmagy öwredilýar. Merkezde fitobejergi otagy bolup, bu ýerde dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen “Irrigator” enjamyndan giňden peýdalanylýar. Rentgenologik otagda ýokary hilli rentgen suratlary almak üçin äň-ýüz töwereginiň üç ölçegli rentgen suratyny alýan enjamlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olar ýokarky we aşaky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýärler. Ortopedik stomatologiýa bölüminde CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. CAD/CAM enjamynyň kömegi bilen keramiki, plastmas, metaldan aýrylmaýan gurnamalary taýýarlap bolýar. Bular koronkalar, dolduryjylar, winirler, hususy abatmentler, köpri görnüşli protezlerdir. Bu tehnologiýanyň ulanylyşynyň gerimi hemişe giňelýär. Operasion blokdan we hirurgik otagdan ybarat hirurgik stomatologiýa bölümi Germaniýanyň meşhur «SIRONA» kompaniýasynyň “Intego” stomatologik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi çaga, terapewtik, ortopedik we hirurgik stomatologiýa ugurlarynda stomatolog lukmanlary diplomdan öňki we diplomdan soňky taýýarlygy üçin okuw-bejeriş we ylmy işleri geçirmek boýunça binýat bolup hyzmat edýär. Merkeziň lukmanlary kafedranyň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyş barlaglaryny geçirmekde uly işler geçirýärler. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen dişleriň kariýesini anyklamak, onuň öňüni almak, parodont kesellerini bejermek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Merkezde şu günki gün lukmanlar öz näsaglaryna iň ýokary hünär we tehniki derejede ýöriteleşdirilen stomatologik hyzmatlaryň giň gerimini hödürläp bilýärler. Merkeziň işgärleri halkymyzyň saglygyny berkitmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.





















Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky №14334 belgili “Lukmançylyk edaralaryny döretmek baradaky” Karary bilen 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.


Bu merkezde işler üç ugur: pediatriýa, perinatologiýa we hirurgiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Merkez 275 orunlyk bolup, onda 15 sany bölüm hereket edýär. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen enelere we çagalara ýokary derejeli kömek berilýär.


Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez IIIA derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere kömek berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli kömek bermekde, şeýle-de çaga keselçiligini hem-de ölümçiligini peseltmekde giňden ýardam berýär.


Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry “Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma mehanizminiň hilini gowulandyrmak”.


Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu merkez ylmy we amaly taýdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işleri alyp barýar.


Merkeziň çäginde ýerleşen kafedralarda uniwersitetiň we lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary, intern lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar we dürli ugurly hünärmenler üçin nazary we amaly sapaklar geçirilýär.


Göwreli aýallara we täze doglan bäbeklere berilýän kömegi kämilleşdirmek üçin talyplar, intern lukmanlar we ýaş hünärmenler ýörite döwrebap simulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan otagda (fantom otagy) amaly endikleri özleşdirilýär.


Işler merkezde Türkmenistanda kabul edilen, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen “Howpsuz enelik”, “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy”, “Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak”, “Çagalaryň kesellerini bütewi usulda alyp barmak”, “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär.


Ýaş lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda telemedisinanyň mümkinçilikle­rinden peýdalanyp, kafedralaryň professor-mugallymlar düzümi we merkeziň alyp ba­ryjy hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden agyr we çylşyrymly lukmançylyk ýagdaýlary boýunça näsaglara maslahat berýärler.


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar