Pediatriýa fakulteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Pediatriýa fakultetiniň dekany Döwlet Çerriýewiç Kerimow
tel: (+99312) 48-98-57 e-mail:
Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş bina, 1-nji gat, otag 1116
Pediatriýa fakulteti 1970-nji ýylda döredildi.
Dürli ýyllarda bu fakultete professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory E.Saklapow, lukmançylyk ylymlarynyň doktory S.Toýlyýew, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty A.Gurbandurdyýew, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ş.A. Sähetdurdyýew ýaly tejribeli alym lukmanlar ýolbaşçylyk etdiler. 2018-nji ýyldan bäri fakultete Gospital pediatriýa kafedrasynyň assistenti D.Kerimow ýolbaşçylyk edýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, S. A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, Aşgabat şäheriniň saglyk öýleri pediatriýa fakultetiniň kliniki bazalary bolup durýar. Okuw prosesinde uniwersitetiň portalynda talyplaryň bilimi işjeň ulanylýan test soraglaryň üsti bilen barlanylýar. Pediatriýa fakultetiniň kafedralary häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan, bu bolsa sapaklaryň ýokary derejede geçirilmegine mümkinçilik berýär. Pediatriýa fakultetiniň kafedralarynda professor-mugallymlar okuw işleri bilen bir hatarda uly göwrümli ylmy-barlag işlerini hem alyp barýarlar. Ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary çagalaryň fiziologiýasynyň we patologiýalarynyň gurak hem-de yssy howa şertlerinde sebit aýratynlyklaryny öwrenmekligiň meselelerine bagyşlanandyr. Pediatriýa fakultetinde talyplaryň ylmy gurnagy hereket edýär, onda talyplar tejribeli alym halypalaryň ýolbaşçylygynda ylmy barlaglary alyp barýarlar we alnan maglumatlaryň esasynda ylmy makalalar bilen ylmy-amaly maslahatlarda yzygider çykyş edýärler. Her ýyl ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy döredijilik bäşleşigine kafedrada işleýän talyplaryň ylmy gurnagyna işjeň gatnaşýan ýaşlar özleriniň taýýarlan ylmy işleri bilen gatnaşýarlar.
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň pediatriýa fakultetiniň mugallymlary teleköpri arkaly welaýatlaryň hassahanalary bilen agyr näsagyň konsilium maslahatyny geçirýärler. Pediatriýa fakultetiniň professor-mugallymlary okuw-ylmy işlerden daşary döwlet derejesinde, şeýle-de öz işleýän bejeriş bazalarynda uly göwrümli bejeriş-maslahat beriş işlerini hem alyp barýarlar. Kafedranyň işgärleri merkeziň degişli bölümleriniň kuratorlary bolup lukmanlara agyr näsaglar boýunça gerekli maslahatlary bermek, konsiliumlary, kliniki, patologoanatomiki konferensiýalary geçirmek boýunça degişl işleri alyp barýarlar, lukmanlary attestasiýadan geçirmek işlerine yzygider gatnaşýarlar. Pediatriýa fakultetiniň professor-mugallymlary döwletimiziň, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim ministrlikleriniň, uniwersitetimiziň derejesinde geçirilýän jemgyýetçilik, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýarlar, talyp toparlaryna halypaçylyk edip, ýaşlaryň arasynda uly terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar.