Harby gigiena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň müdiri Muhammetnazar Gaýypnazarowiç Nurnazarow


tel: (+99312) 92-20-68  e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm   

Salgysy: Aşgabat ş., Ata Gowşudow köçe, Jaý 58. 1-nji gat.




Harby-lukmançylyk fakultetiniň düzümine girýän Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Häzirki zaman lukmançylyk, barlaghana we anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen bu kafedranyň okuw binýatlary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arassaçylyk-keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, şeýle hem beýleki goşunlaryň we hukuk goraýjy organlaryň lukmançylyk bölümlerinde ýerleşýär.

Kafedrada uniwersitetiň ähli fakultetleriniň talyplaryna ýokanç keselleriň öňüni almak, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň arasynda dürli zäherli maddalar bilen zäherlenmeleriň öňüni almak boýunça çuňňur bilim berilýär. Kafedranyň mugallymlary harby gigiýena, harby zähmetiň gigiýenasy, radiasion we himiki zeperlenmeleriň öňüni almak, harby toksikologiýa we lukmançylyk goragy, harby epidemiologiýa boýunça amaly we beýan sapaklaryny geçirýärler.

Harby lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlygy we hünär kämilleşdiriş okuwy “Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi”, “Harby gigiýena”, “Harby epidemiologiýa” we “Harby toksikologiýa” ugurlary boýunça geçirilýär. Diplomdan soňky taýýarlyk okuwy kliniki ordinaturany, aspiranturany we doktoranturany öz içine alýar.

Kafedranyň işgärleri tarapyndan harby, mekdep we umumy gigiýena, iýmit gigiýenasy, medisina ekologiýasy, harby toksikologiýa, harby epidemiologiýa boýunça okuw kitaplary, şeýle hem 100-den gowrak okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy.

Kafedranyň ylmy-barlag işlerinde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň fiziologiýasyna we toksikodinamikasyna, şeýle hem adam bedenine dürli tebigy we howa şertleriniň ýetirýän ýaramaz täsirine aýratyn ähmiýet berilýär. Kafedranyň işgärleri tarapyndan 30-dan gowrak ylmy makala we 70 sany tezis çap edildi. Kafedrada talyplar bilen ylmy-barlag we oýlap tapyş işleri ýörite hereket edýän gurnaklarda geçirilýär.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň lukmançylyk gullugynda, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynda keselleriň öňüni alyş çärelerini guramak we geçirmek boýunça ýokanç keselleriň ýaýramagynyň umumy kanunalaýyklyklaryny, olaryň döredijileriniň häsiýetnamasyny, aýry-aýry ýokanç keselleriň epidemiologiýasyny we sebäplerini emele getirýän şertleri; epidemiýa garşy çäreleriň ulgamyny we mazmunyny; ýokanç keselleriň anyklanyşy, bejerilişi we öňüniň alynmagy üçin degişli serişdeleriň, adam bedeniniň näbelli maddalar bilen zäherlenmelerinde toksikologik barlag usullarynyň dogry ulanylyşyny bilýän tejribeli hünärmenler tarapyndan amaly kömek we usuly maslahatlar berilýär.

Mundan başga-da, kafedranyň hünärmenleri harby gullukçylaryň zähmet şertleriniň we durmuş ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, şeýle hem daşky gurşawy goramak bilen bagly bolan wezipeleriň çözülmegi üçin raýatlaryň we harby gullukçylaryň zähmetini, harby gullugyny hem-de dynç alyş tertibini, dogry iýmitlenmegini gurnamak boýunça düýpli işleri geçirmäge ýakyndan ýardam berýärler.


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar