MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy)  

boýunça talyplyga kabul edýär:

 

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: pediatriýa; stomatologiýa).

2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).

3. Harby lukmançylyk (hünär: bejeriş-öňüni alyş işi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünär: bejeriş işi).

2. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, harby lukmançylyk ugruna – çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soňra Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;

- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany;

- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narko­-

logiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça  maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- pasportyny;

- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:


Aşgabat we Arkadag şäherleri – iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;

Lebap welaýaty                        –           awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Mary welaýaty                          –           awgust aýynyň 8-9-y, 10-y we 11-i günleri;

Balkan welaýaty                       –           awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;

Daşoguz welaýaty                    –           awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Ahal welaýaty                            –           awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.


Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary: 100 m, 3 km ylgamak; turnikde göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

- lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

- «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk 

 uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09.


Talyplyga dalaşgärler üçin göz öňünde tutulýan ýeňillikler


https://turkmenportal.com/tm/blog/80465 



















Surat: tdh.gov.tm

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, degişli dalaşgärler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.


Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda:


--- ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň;

--- maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň;

--- harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň;

--- köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär.


Şeýle-de bu Kanunda:


--- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň;

--- taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;

--- taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň;

--- III topar maýyplygy bolanlaryň;

--- çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň;

--- saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.



"Türkmenistan" gazetiniň 17.07.2024ý. sanynda “Dalaşgär  2024: GELJEGIŇ BINÝADY ŞU GÜNDEN TUTULÝAR” ady bilen çap edilen söhbetdeşlik 


      Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz agzalan Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmek babatda görlen taýýarlyk, bu ugurda alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylynda boljak üýtgeşmeler bilen gyzyklanyp, gazetimiziň habarçysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Berdinazar HAŞYROW bilen söhbetdeş boldy.


— Ilki bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine görlen taýýarlyk, onuň üçin döredilen mümkinçilikler hem-de bu babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzülen meýilnamalar hakynda gürrüň beräýseňiz!


— Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga-da gol çekdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan zerur işler alnyp barylýar.


Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy bilen tassyklanan meýilnama esasynda, dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine 15-nji iýulda badalga berlip, bu ugurdaky işler «2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmegiň Tertibine» laýyklykda alnyp barylýar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek bilen bagly maglumatlar (hünärler we taýýarlygyň ugurlary, resminamalaryň kabul edilýän ýerleri hem-de möhletleri, hünärler boýunça alynýan synaglar we beýlekiler) taýýarlanyp, gazetlerde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň resmi web saýtlarynda halk köpçüligine ýetirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglarynyň welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýän ýerleri bolan bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň, saglyk öýleriniň salgylary, habarlaşmak üçin telefon belgileri baradaky maglumatlar paýlaşyldy.


Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek ýokary okuw mekdeplerinde, mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde 28-nji iýula, beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde 19-njy awgusta çenli dowam eder. Resminamalar hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde, welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde kabul ediler.


— Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärler hünärmen, bakalawr, magistr maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilýär. Şolaryň hersiniň aýratynlyklary barada gysgaça düşündiriş berseňiz ýerlikli bolardy.

— 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) 28-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli, şonuň ýaly-da bir derejeli gurluş düzümi bar.


Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji derejesi — bakalawr maksatnamasy hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksatnama boýunça hünärmenleri taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.


Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi — magistr maksatnamasy hünär ýa-da dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksatnama boýunça hünärmenleri taýýarlamak ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.


Okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri (hünärmen maksatnamasy) taýýarlamagyň bir derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär bilimi hünär, pedagogik, barlag-gözleg işleriniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksatnama boýunça hünärmenleri taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.


— Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwlar talyp hakly we tölegli esasda alnyp barylýar. Dalaşgärler üçin tölegli okuwlar baradaky maglumatlar hem gyzykly bolsa gerek.

— Ýokary hünär bilimi görnüşi (uniwersitet, akademiýa, konserwatoriýa, institut we beýlekiler) hem-de ähmiýeti (umumydöwlet we sebit) boýunça dürli ýokary hünär bilimi edaralarynda (ýokary okuw mekdeplerinde), orta hünär bilimi bolsa orta hünär bilimi edaralarynyň dürli görnüşlerinde, şeýle hem degişli bilim maksatnamalaryna ygtyýarnamalarynyň bolan ýagdaýynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp bilner. Şonuň üçin, dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýan ýerinde, kabul ediş toparlarynyň agzalaryndan ähli sowallaryna degerli jogaplary, şol sanda okuwlaryň tölegleri barada hem anyk maglumatlary alyp bilerler.


— Indiki okuw ýylynda öwredilip başlanjak täze hünärler haýsylar we olar nähili zerurlyklardan ugur alnyp açylýar?

— «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak barada bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygyny nazara alyp, birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy.


— Adatça, her ýyl okuwa kabul edilýän talyplaryň sany artdyrylýar. Öňümizdäki okuw ýylynda bu babatda nähili üýtgeşmeler bolar?

— 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 (şol sanda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça — 15 müň 303, magistr maksatnamasy boýunça — 623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303 (hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça 199) adam köpdür. Munuň özi Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir.


— Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň iň köp isleg bildirýän hünär ugurlary barada nämeleri aýdyp bolar?

— Milli ykdysadyýetimiziň zerurlyklaryna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň hem-de taýýarlygyň ugurlarynyň ençemesi açylyp, dürli ugurlarda degişli derejedäki hünärmenler ýetişdirilýär. Ýakyn geljege berilýän çaklamalar, şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler IT ugurly hünärlere islegi artdyrýan bolsa, ähli pudaklarda maliýe-ykdysady, hojalyk gatnaşyklarynyň bolmagy ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan hünärmenlere zerurlygy emele getirýär. Şol sebäpden, diňe bir ol ýa-da beýleki däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin hünärmenler taýýarlanylýan ugurlary ýaşlar tarapyndan has isleg bildirilýän hünärler hökmünde görkezmek bolar.

Ýeri gelende bellesek, her ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargytlary esasynda taýýarlanylýar. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere zerurlyklary bolsa her ýyl dürli-dürli bolýar.


— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, dalaşgärler üçin nähili ýeňillikler göz öňünde tutulýar?

— Rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň; maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň; harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň; köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär. Şeýle-de bu Kanunda okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň; taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň; taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň; III topar maýyplygy bolanlaryň; çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň; saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.

— Sowallarymyza degerli jogaplary berendigiňiz üçin sag boluň! Size bu jogapkärli möwsümde alyp barýan işleriňizde üstünlikleri, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmegi ýüreginde beslän ýaşlarymyza bolsa maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

— Sag boluň!

«TÜRKMENISTAN»

17.07.2024 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar