Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň baş neýrohirurgy 

Sahid Myradowiç Annanepesow

tel: (+99312) 90-76-61  e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 


Salgysy:  Aşgabat ş., Görogly köçe, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkez120-nji jaý, 8-nji gat, 8002 otag.




Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedranyň kliniki bazalary: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Bejeriş-maslahat beriş merkezi (nerw ulgamynyň keselleriniň önuni alyş we merkezi nerw ulgamynyň patologiýasynyň, çaga newrologiýasynyň bölümleri), Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi (neýrotrawmatologiýa bölümi), Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi (çaga newrologiýasy bölümi).

Kafedrada her ýyl ähli fakultetleriň 800-den gowrak talyplary bilim alýarlar. Okuwlar “Newrologiýa”, “Lukmançylyk genetikasy”, “Neýrohirurgiýa”, “Iňňe refleks bejergisi we ýakma”, “Iňňesançma nokatlarynyň we meridianlaryň anatomiýasy” atly 5 sany ders boýunça geçirilýär. Beýan okuwlary nerw ulgamynyň keselleriniň topiki anyklanyş boýunça soraglaryny, nerw ulgamynyň kesellerini anyklamakda goşmaça gözleg usullarynyň orny, damar kesellerinde, nerw ulgamynyň şikeslerinde we täze emele gelmelerinde neýrohirurgik kömegi boýunça meseleleri öz içine alýar. Beýanlarda kelle we oňurga beýnisiniň damar patologiýasy, nerw ulgamynyň ýokanç we demiýelinizirleýji keselleri, çetki nerw ulgamynyň keselleri, newrologiýada gaýragoýulmasyz ýagdaýlar, kelle we oňurga beýnisiniň täze döremeleri, nerw ulgamynyň nesil we degeneratiw keselleri, lukmançylyk genetikasy, iňňe sançmaklyk we refleksoterapiýada ulanylýan meridianlaryň anatomiýasy ýaly soraglar düşündirilip aýdyňlaşdyrylýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Nerw ulgamynyň keselleriniň semiotikasy”, “Nerw keselleri”, “Lukmançylyk we kliniki genetika”, “Maşgala lukmanlary üçin newrologiýa” we “Neýrohirurgiýa” atly okuw kitaplary çap edildi, 200-den gowrak usuly gollanmalar, şol sanda: “Newrologiýada amaly endikler boýunça gollanma”, “Insultlary anyklama we bejerme”,“Newrologiýada gaýragoýulmasyz kömek”, “Osteohondrozy anyklama we bejerme” atly işler neşir edildi. Kafedranyň beýan sapaklary üçin multimediýa tanyşdyrmalary döredildi. Okuw maglumatlary uniwersitetiň talyplary üçin elýeter bolan habar beriş portalyna girizilýär. Ulanylýan edebiýatlar uniwersitetiň lukmançylyk kitaphanasy üçin elektron görnüşinde hödürlenen. Kafedrada amaly saglygy goraýyş lukmanlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça sapaklar geçirilýär.


Kafedranyň assistentleri irdenki lukmançylyk konferensiýalaryna gatnaşýarlar, näsaglary barlaýarlar, agyr näsaglara kömek edýärler, çylşyrymly kliniki ýagdaýlary çözmäge gatnaşýarlar, ylmy-amaly maslahatlary geçirýärler we sanitar awiasiýasy boýunça nobatçylyklary ýerine ýetirýärler.


Ylmy-barlag işleri aşakdaky ugurlarda alnyp barylýar: merkezi nerw ulgamynyň ehinokokkozy bolan näsaglarda toplumlaýyn bejergi; ýokanç kesellerde nerw ulgamynyň zeperlenmeleriniň aýratynlyklaryny öwrenme; Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde damar patologiýasynyň aýratynlyklary; oňurganyň osteoporozyny öwrenme. Kafedranyň ylmy işleri daşary ýurtlarda, Türkmenistanyň döwürleýin neşirlerinde, ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär. Kafedranyň assistentleri radioda we telewideniýede çykyşlary gurnaýarlar, jemgyýetçilik-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar.


Ýatymlaýyn, saglyk öýlerinde berilýän, dispanser, tiz we gaýragoýulmasyz kömek hyzmatlaryny kämilleşdirmeklik kafedranyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kafedrada teklip edilen ylmy barlaglaryň netijeleri we işiň täze guramaçylyk görnüşleri Türkmenistanyň sebitleriniň amaly saglygy goraýşyna işjeň ornaşdyrylýar.


Kafedrada ylmy newrologik gurnak hereket edýär.

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar