Medisina himiýasy kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ATAÝEWA Güljahan Sapardurdyýewna
tel: 68-74-30 e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly jaý18. Biologiýa bina,
4-nji gat, 3446-nji otag.
Umumy himiýa kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi we köp onýyllyklaryň dowamynda kafedra özüniň professor-mugallymlar düzümi bilen guwanýar. Bu ýerde uniwersitetiň birinji we ikinji ýyl talyplary okadylýarlar. Okuw işleri şu dersler boýunça alnyp barylýar: umumy we bioorganiki himiýa; organiki däl himiýa; fiziki we kolloid himiýa; analitiki himiýa; biologik himiýa.
Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Biohimiýa” we “Umumy we organiki däl himiýa” kitaplary çap edildi. Usuly gollanmalar, amaly endikler boýunça gollanmalar, interaktiw we multimediýa elektron görnüşinde taýýarlandy.
Beýan we amaly sapaklar interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda geçirilýär, ylmy işleri geçirmek üçin bolsa häzirki zaman enjamlary we gurallar bilen üpjün edilen laboratoriýa bar.
Kafedranyň mugallymlary “Organizmiň antioksidant ýagdaýyny öwrenmek” atly ylmy-barlag işini ýerine ýetirmäge gatnaşýarlar. Alnan netijeler dürli ylmy žurnallarda çap edilýär we ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edilýär. Kafedrada 4 doktorlyk we 18 kandidatlyk dissertasiýalar goraldy, 4 ylmy monografiýalar çap edildi, 60-dan gowrak ylmy-usuly işler taýýarlandy we 5000-den köp ylmy makala çap edildi.
Kafedranyň işgärleriniň ýolbaşçylygynda talyplar “Türkmenistanyň wulkan palçyklary we mineral suwlary, olaryň fiziki-himiki we bejeriş häsiýetleri” atly ylmy işi alyp barýarlar. Barlaglaryň netijeleri birnäçe gezek döwlet derejesinde geçirilýän sergilerde görkezildi, ýaş alymlaryň dürli bäsleşiklerine hödürlendi we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. 2012-nji ýylda kafedranyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan talyplar ilkinji gezek halkara Internet-olimpiadasyna gatnaşdylar, olaryň ikisi bürünç medallara mynasyp boldular.