Epidemiologiýa kafedrasynyň müdiri, Agamyrat Öwezow

 

Salgysy: Aşgabat ş., Ata Gowşudow köçe, jaý 58. Okuw bina, 2-nji gat

tel: +99365674673 e-mail: tdlutm@online.tm

 


Kafedranyň taryhy 1932-nji ýylda Ýokanç keseller kafedrasynyň döredilen hem-de maksatnama “Epidemiologiýanyň esaslary” dersi hökmünde girizilen  senesinden başlanýar.


1935-nji ýylda  kafedrada epidemiologiýa okuwy döredildi.


1985-nji ýylda özbaşdak Epidemiologiýa kafedrasy açylýar. Kafedranyň ylmy-barlag işleri wirusly gepatitleriň dürli görnüşleriniň kliniko-epidemiologik aýratynlyklaryna gönükdirildi.


1989-njy ýylda Epidemiologiýa we Ýokanç keseller kafedralary birikdirilip, Ýokanç keseller we epidemiologiýa kafedrasy döredilýär.


2021-nji ýylyň awgust aýyndan özbaşdak Epidemiologiýa kafedrasynyň okuw prosesiniň we ylmy işiniň guralyşynyň täze tapgyry başlandy.


Kafedranyň okuw – usuly işleri pediatriýa we stomatologiýa fakultetleriniň 4-nji ýyl talyplary, kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary, şeýle hem harby lukmançylyk, dikeldiş we sport lukmançylygy, keselleriň öňüni alyş fakultetleriniň 5-6-njy ýyl talyplary bilen alnyp barylýar. Kafedrada hünärmenler öz hünär derejesini epidemiologiýa okuwy boýunça diplomdan soňky bilimiň çäklerinde ýokarlandyrýarlar, şeýle hem okuwa kabul etmeklik kliniki ordinaturanyň we aspiranturanyň maksatnamalary boýunça epidemiologiýa ugrundan geçirilýär.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan “Umumy epidemiologiýa” okuw kitaby çapa taýýarlandy. Kafedrada 300-den gowrak okuw-usuly gollanmalar bar.

    

Kafedranyň işgärleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak we epidemiýa garşy çäreleri gurnamak boýunça çykarylýan resminamalary taýýarlamaklyga gönüden-göni gatnaşýarlar.


Hemme beýanlar we amaly sapaklar elektron görnüşde,  kafedranyň görkezme esbaplary - albomlar, jetweller, wideofilmler görnüşinde taýýarlanan. Her tema boýunça testler we okuw- usuly golanmalar işlenip düzülen.


Beýan okuw otaglary, okuw - amaly otaglar interaktiw, multimediýa enjamlary, kompýuterler we beýleki häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän okuw – tehniki serişdeler bilen üpjün edilen. Alnan bilimler talyplar tarapyndan uniwerisitetiň ylmy-kliniki bölümlerinde we saglygy goraýyş edaralarynda önümçilik amalyýetinde berkidilýär.

Esasy görkezijiler
4298
Talyplar
55
Ugurlar
411
Mugallymlar