Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gülälek Amangeldiýewna Baýsähedowa
tel: (+993 12) 48-98-35; 48-99-64 e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm
Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş binasy, 2 gat, otag 1225
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gurluş bölegi bolup, onuň esasy wezipesi kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň hukuklaryny goramak we ündemek bolup durýar.
Kärdeşler arkalaşygynyň agzalygyna Kärdeşler arkalaşygynyň Düzgünnamasyny kabul eden we agzalyk tölegini geçirýän ýokary okuw mekdebiniň islendik işgäri we talyby bolup biler. Uniwersitetiň we ilkinji Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň arasynda kabul edilen köpçülikleýin şertnamasy esasynda uniwersitet boýunça ýüze çykýan meseleler we sogaglary ara alyp maslahatlaşmakda we köpçülikleýin çäreleri gurnamakda giň gerimli işler ýerine ýetirilýär.
Uniwersitetiň Ilkinji Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň esasy wezipeleri:
- Ilkinji Kärdeşler arkalaşygy guramasyna kabul etmeklik we agzalaryny hasaba almak;
- işgärleri we talyplary gyzyklandyrýan soraglar boýunça kabul etmek;
- uniwersitetiň we rektoratynyň Geňeşiniň işine gatnaşmak;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň “Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär mekdepleriniň talyplaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakyny bermek” baradaky kararynyň esasynda uniwersitetiň jemgyýetçilik çärelerine, dürli ders bäsleşiklerene işjeň gatnaşyp, hormatly orunlara eýe bolan, tapawutlanan talyplara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakyny bermekligi ýola goýmak;
- Türkmenistan Döwletimiziň ähli milli baýramçylyklaryny dabaraly ýagdaýda geçirmek;
- sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda sport bäsleşiklerini geçirmekligi gurnamak we ýeňijileri sowgatlar bilen höweslendirmek;
- talyplaryň arasynda dürli bäsleşikleri geçirmekligi gurnamak, ýeňijilere we işjeň gatnaşanlara sowgatlary gowşurmak;
- maddy kömege mätäç bolan uniwersitetiň kärdeşlerine arkalaşyk kömegini bermek, ýetim talyplara ynsanperwerlik kömegini bermek.