Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň müdiri Aşgabat Artyknurowiç Nohurow

tel: (+99312) 48-98-85  e-mail:


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly jaý 18. Fiziologiýa binasy, 4-nji gat, 2443-nji otag.




Kafedra 1935-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol lukmançylyk uniwersitetiniň fiziologik binasynda we kliniki binýady bolan Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinde ýerleşýär. Kafedra täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, bu bolsa talyplaryň geçilýän sapaklary özleşdirmeginiň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.


Psihiatriýa we narkologiýa derslerinden başga-da, kafedrada umumy, maşgala, lukmançylyk, ösüş döwrüniň psihologiýasy, sport psihologiýasy, psihokorreksiýa we psihoterapiýa okadylýar; munda intern-lukmanlary ilkinji hünär kämilleşdiriş okuwyny geçýärler we psihiatrlar, narkologlar, maşgala lukmanlary we başga hünärmenler öz hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan ýylda 500-den gowrak näsaga maslahat berilýär, giňişleýin kazyýet-psihiatriýa we harby seljermelerine gatnaşylýar, sanitar awiasiýasy boýunça nobatçylyklar ýerine ýetirilýär. Kafedranyň işgärleri uniwersitetde “tegelek stollarynyň” gurnalmaklygyna gatnaşýarlar; psihologiýanyň, narkologiýanyň, psihoterapiýanyň wajyp temalary boýunça söhbetdeşlikleri, ylmy-amaly maslahatlary gurnaýarlar, beýleki okuw edaralarynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler, görkezilen meseleler boýunça teleýaýlymlarda çykyş edýärler.


Kafedranyň ylmy barlaglarynyň esasy ugry ilatyň psihiki saglygyny saklamak boýunça sosial-psihologik jähtleri işläp düzmek bolup durýar. Daşky gurşawyň we sosial faktorlaryň şahsyýetiň şahsy-psihologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen psihiki funksiýalaryna we ýagdaýyna ýetirýän täsiri öwrenilýär. Alnan netijeler stresiň we psihiki işjeňligiň beýleki bozulmalarynyň öňüni almak boýunça maksadalaýyk usullary düzmäge mümkinçilik berýär.


Ýurdumyzda sportuň ösüşine berilýän aýratyn orny göz öňünde tutmak bilen, kafedrada sport psihologiýasy boýunça inisiatiw ylmy işi alnyp barylýar, göreş bilen meşgullanýan ýaş türgenleriň psihiki ýagdaýynyň aýratynlyklary öwrenilýär.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan 9 sany kandidatlyk dissertasiýa goraldy, 7 monografiýa, lukmanlar üçin 2 gollanma we 1 maglumat kitapçasy, 4 okuw kitaby, 2 sany ylmy-populýar kitap, köp sanly usuly gollanmalar we görkezmeler, 100-den gowrak ylmy makalalar çap edildi.

     

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar