Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Nyýazmyrat Nazarowiç Batyrow

tel: (+99312) 34-14-29/63  e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 


Salgysy:  Aşgabat ş., Görogly köçe jaý 118. Şikesleri bejeriş halkara merkezi, 9-njy gat, 14-nji otag.




     

Kafedra 1972-nji ýylda döredildi. Ol Halkara Şikesleri bejeriş merkeziniň esasynda ýerleşýär, bu ýerde bejeriş, şeýle hem okuw-usuly işler häzirki zaman derejesinde alnyp barylýar. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň tanymal alymlary kafedra ýolbaşçylyk etdiler we ylmyň ösmegine uly goşant goşdular.


“Trawmatologiýa we ortopediýa” derslerini kesel bejeriş we keselleriň öňüni alyş talyplary okaýarlar; “Hassahanada amaly başarnyklar” dersini farmasewtika fakultetiniň talyplary öwrenýärler; “Ortopediýa” dersi kesel bejeriş fakultetiniň talyplaryna okadylýar. Kafedrada diplomdan soňky taýýarlyk kliniki ordinatura, aspirantura, doktorantura boýunça geçirilýär, şeýle hem lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdiriş okuwy “Endoprotezirleme”, “Trawmatologiýanyň we ortopediýanyň wajyp meseleleri” siklleri boýunça geçirilýär.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Trawmatologiýa we ortopediýa, “Harby meýdan hirurgiýasy”, “Ilkinji lukmançylyk kömeginiň esaslary”, “Sport trawmatologiýasy” okuw kitaplary neşir edildi, 100-den gowrak usuly gollanma çapdan çykdy, okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy, ähli derslerden test soraglary düzüldi, wideofilmler we interaktiw okuw esbaplary döredildi. Halkara Şikesleri bejeriş merkezinde talyplar üçin beýan zalynda operasiýalaryň göni wideoýaýlymy gurnaldy, munda talyplar geçirilen hirurgik amallaryna syn edýärler.


Ylmy-barlag işler şu ugurlarda alnyp barylýar: bejeriş çärelerini işläp düzmek bilen süňkleriň döwülmeginiň kynçylyklaryny öwrenmek; femuryň diafizial döwükleriniň aýratynlyklary we bejerişiň kämilleşen usullaryny işläp düzmek; keseliň başlangyç döwründe dyz bogunlarynyň deformasiýa artrozynyň anyklanyşyny we bejerilişini kämilleşdirmek; süňk dokumasynyň reparatiw regenerasiýasynyň patogenetiki jähtleri we düzediş usullary; osteosinteziň hirurgik bejergisiniň netijelerini çaklamak we baha bermek. Kafedranyň işgärleri tarapyndan teklip edilen çanaklygyň we oňurga sütüniniň aşaky böleginiň döwülmeginde nowokain blokadasynyň usuly häzirki wagta çenli amaly lukmançylykda öz ähmiýetini ýitirmedi.


Kafedranyň ylmy işleri daşary ýurtlarda, Türkmenistanda geçirilen ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda we döwürleýin neşirlerde çap edilýärler. Professorlar we mugallymlar jemgyýetçilik-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar, şeýle hem radioda we telewideniýede sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän çykyşlary gurnaýarlar.


Kafedrada kesel bejeriş, pediatriýa we keselleriň öňüni alyş fakultetleriniň işjeň talyplarynyň gatnaşýan "Trawmatolog" ylmy gurnagy hereket edýär.


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar