ÝUNESKO KLUBY


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli döwlet syýasatynyň esasynda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny giňden öwrenmek, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.


2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda döredilen “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly  ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasy boldy. 

Klubuň açylyş dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (YUNESСO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, köpsanly myhmanlar we Lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

“Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly  ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň baý dermanlyk ösümlikleriniň we halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Hem-de talyp ýaşlaryndan düzülen “Melhem” aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna, sahna oýunlaryna tomaşa edildi. Soňra ÝUNESKO Klubynyň açylyşy dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda çykyş edenler täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli medeni mirasymyzy, ýurdumyzyň ynsan saglygyna şypa berýän baý dermanlyk ösümliklerini öwrenmeklige döredilýän mümkinçilikler, şertler, bu ugurda sagdyn, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmegiň orny, uniwersitetde açylan “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” geljege ÝUNESKO klubunyň taryhy ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda uniwersitetdäki ÝUNESKO kluby Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde mynasyp orna eýe boljakdygyny aýtdylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, döredilen Klubuň düzüm birlikleriniň we ýerine ýetirmeli işleriniň anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini bellemek bilen,  Klubuň meýilnamasynyň çäklerinde daşary ýurtlara iş saparlaryny guramak, daşary ýurtlaryň abraýly ylmy neşirlerinde makalalary çap etmek, okuw-usuly gollanmalary we kitaplary, monografiýalary neşir etmek göz öňünde tutulýar.

 “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly  ÝUNESKO Klubunyň açylyş dabarasyna we maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň we tutuş adamzadyň maddy hem-de medeni mirasyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri we ýokary okuw mekdebindäki “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly  ÝUNESKO Kluby üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras – geçmişden geljege” atly ÝUNESKO kafedrasynyň gurnamagynda geçirilen “Türkmenistan – ÝUNESKO: taryhy we tebigy ýadygärlikleri goramagyň ileri tutulýan ugurlary” atly onlaýn ylmy-döredijilik maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimiziň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

“Halkara maddy däl medeni mirasymyz – ÝUNESKO-da” atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik


   2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň gurnamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (UNESCO) senenamasynda giňden bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli “Halkara maddy däl medeni mirasymyz – ÝUNESKO-da” atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Lukmançylyk uniwersitetimiziň ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli gurnalan söhbetdeşlik ýokary guramaçylykly derejede gurnaldy.



“Ýokary okuw jaýlarynda talyplaryň ekologiki bilimini kämilleşdirmekde täze usuly çemeleşmeler” atly onlaýn okuw-maslahaty


2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen “Ýokary okuw jaýlarynda talyplaryň ekologiki bilimini kämilleşdirmekde täze usuly çemeleşmeler” atly onlaýn okuw-maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimiziň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyñ işjeň agzalary onlaýn görnüşde gatnaşdylar we çykyş etdiler.
 

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar