Deri we weneriki keselleri kafedrasynyň  müdiri - lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty K.N.Gudratullaýew


Salgysy: Ashgabat ş., O. Annaýew köçesi, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti , Deri we weneriki keseller binasy, 1-nji gat, 217-nji otag, 

Tel: +99312-73-93-96

e-mail: 




   Deri we weneriki keselleri kafedrasy 1932-nji ýylda Türkmen döwlet medisina institutynyň hem-de Deri keselleriniň ylmy-barlag institutynyň esasynda döredildi.

Ýokanç keselleri,  deri we weneriki keseller  Merkeziniň  Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy kafedranyň kliniki binýady bolup durýar.

  Häzirki wagtda okuw otaglarynyň ählisi kompýuter, multimediýa abzallary bilen enjamlaşdyrylan, bu hem okuw sapaklaryny ýokary derejede we döwrebap alyp barmaga ýardam berýär. Okadylýan dürli dersleriň bölümlerini hemmetaraplaýyn özleşdirmek üçin kafedranyň köp sanly şahsy kliniki fotomateriallary, häzirki zaman daşary ýurt ylmy we okuw hem-de Internet maglumatlary giňden peýdalanylýar. Ulanylýan köp sanly görkezme esbaplar, olardaky deri keselleriniň kliniki köpdürlüliginiň we atipiki (mahsus bolmadyk) görnüşleriniň, olaryň döwürleriniň fotoşekilleri beýan we amaly sapaklarda ulanylýarlar. Mundan başga-da, talyplar amaly sapaklarda MDWH-niň  ähli bölümlerinde bejergi alýan näsaglara gözegçilik edýärler, okuwlaryň şeýle guralyşy bolsa öwrenilýän temany hem-de degişli amaly endikleri doly özleşdirmäge ýardam berýär.

           Deri we weneriki keselleri kafedrasynda sekiz fakultetiň saglygy 4 ýyl talyplary okuw sapaklaryny geçýärler. Okuw maksatnamalarynda her bir fakultet boýunça dermatowenerologiýanyň okadylyş we özleşdiriş aýratynlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň şertlerinde deri keselleriniň kliniki geçişiniň aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Okadylýan hemme temalar boýunça okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyp, yzygiderli täzelenýärler. Okuw sapaklaryny iňlis dilinde geçýän talyplaryň toparlary üçin dermatowenerologiýadan okadylýan dilde taýýarlanan degişli okuw gollanmalary bar.

        2010-njy ýylda kafedranyň işgärleri tarapyndan reňkli fotoşekiller bilen bezelen “Deri we weneriki keseller” okuw kitaby çapdan çykaryldy.

       Lukmançylyk uniwersitetinde diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetiniň açylmagy bilen dermatowenerolog lukmanlaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça ähli oňaýly şertler döredi. Deri we weneriki keselleri kafedrasynda lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlygy we kämilleşdiriş okuwlarynda  nazaryýet we amaly okuwlarynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, dermatowenerolog lukmanlary, maşgala we harby lukmanlar okuw sapaklaryny geçýärler. Dermatowenerologiýanyň wajyp meselelerini özleşdirmek maksady bilen utgaşykly hünärleri bolan lukmanlar üçin integrirlenen maksatnama işlenip düzüldi. 

        Ylmy işleriň esasy ugurlary: deri leýşmaniozyny, dowamly geçýän allergiki keselleri öwrenmek we olary Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ulanylmagy bilen bejermek, şeýle hem Aral deňziniň meseleleri bilen bagly bolan deri keselleriň geçişiniň aýratynlyklaryny  öwrenmek. 


Diplomdan soňky taýýarlygy we kämilleşdirişi geçýän lukmanlar döwrebaplaşdyrylan bejeriş usullaryndan başga-da, häzirki zaman fizioterapewtiki we balneologik bejergileri özleşdirýärler.

Kafedrada talyplaryň ylmy-barlag gurnagy hereket edýär. Bu gurnaga deri we weneriki kesellerini ýakyndan öwrenmäge isleg bildirýän talyplar gatnaşýarlar.

Talyplar kafedranyň mugallymlary bilen bilelikde alyp baran ylmy işleriniň netijeleri boýunça ylmy-amaly maslahatlarda, seminarlarda çykyş edýärler.   


Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar