Diller kafedrasynyň müdiri Bahar Gurbannazarowna Bekmyradowa
tel: (+99312) 48-99-28 e-mail:
Salgysy: ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18. Biologiýa binasy, 3-nji gat, 3320-nji otag.
Diller kafedrasy 1944-nji ýylda döredildi. Talyplaryň daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini artdyrmak, sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmek we ösdürmek, sözlük goruny baýlaşdyrmak maksady bilen kafedrada “lukmançylyk adalgalarynyň esaslary”, “lukmançylyk resminamalary” dersleri boýunça okuw sapaklary geçirilýär, şeýle hem rus, iňlis, nemes we hytaý dilleriniň grammatikasynyň we leksikasynyň esaslary öwredilýär. Sapaklar häzirki zaman lingafon we interaktiw enjamlary bilen üpjün edilen otaglarda geçirilýär, munda okatmagyň innowasion usullary işjeň ulanylýar.
“Lukmançylyk adalgalarynyň esaslary” dersi aşakdaky bölümlerden ybarat: anatomiki, farmasewtiki we kliniki adalgaşynaslygy. Mugallymyň esasy maksady talyplara bu adalgalary lukmançylyk amalynda ulanylyşyny öwretmekdir. “Lukmançylyk resminamalary” dersinden geçirilýän sapaklarda ähli fakultetleriň 1-nji ýyl talyplary lukmançylyk resminamalaryny, şol sanda hem keseliň taryhyny dürs doldurmaklygy tapgyrlaýyn öwrenýärler.
Kafedrada iňlis dilini hemme talyplar, rus dilini bolsa ähli fakultetleriň 1-2-nji ýyl talyplary öwrenýärler. Nemes dili dersini ähli fakultetleriň gutardyş ýyl talyplary okaýarlar. Olar umumy sözlük goruny özleşdirmek bilen, bu diliň grammatik aýratynlyklaryny öwrenýärler, öz sözlük goruny baýlaşdyrýarlar. Kesel bejeriş fakultetiniň “saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk” hünäriniň 1-3-nji ýyllarynyň talyplary hytaý dilini, onuň grammatikasynyň esaslaryny, ýazuw aýratynlyklaryny, şeýle hem Hytaýda we Türkmenistanda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň atlaryny we olaryň bejerijilik häsiýetlerini öwrenýärler.
Kafedranyň mugallymlary tarapyndan “Lukmançylyk resminamalary”, “Lukmançylyk adalgalarynyň esaslary”, “Iňlis dili” okuw kitaplary, şeýle hem “Türkmençe-iňlisçe-rusça lukmançylyk sözlügi-gepleşik kitaby”, “Türkmençe-iňlisçe-rusça lukmançylyk sözlügi” taýýarlanyp çap edildi.
Kafedranyň ylmy temalary türkmen edebi diliniň leksik we stilistik normalaryna; iki dilli lukmançylyk sözlükleriniň we atlaslarynyň sözlük düzüminiň derňewine we beýleki meselelere bagyşlanan.
Kafedrada 8 sany kandidatlyk dissertasiýa goraldy, 6 monografiýa, 3 gepleşik kitaby, 1 sözlük, 45 usuly gollanma neşir edildi, şeýle hem dilleri öwretmegiň usulyýeti we okatmagyň hünär taýdan ugrukdyrylyşy boýunça 100-den gowrak ylmy işler taýýarlanyp çap edildi.
Kafedrada “Dilim bar – dünýäm bar” atly okuw gurnagy bolup, onda talyplar iňlis, rus, nemes we hytaý dillerinden öz sözleýiş başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Mugallymlar we talyplar ýokary okuw mekdebiniň çäklerinde we ondan daşary dürli şanly seneler mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary gurnaýarlar we gatnaşýarlar. Mundan başga-da, kafedrada iňlis, nemes we rus dillerinden okuwlar hereket edýär.