2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik – syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Bilşimiz ýaly, bu taryhy duşuşykda Gahryman Arkadagymyz geçmişde dünýä ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösüşüne ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň bardygyny hem-de olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada belläp geçdi. Şu maksat bilen, Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Saglygy goraýşyň häzirki zaman ulgamyny Lukmançylyk uniwersitetini döretmekde uly işleri bitiren, ýaşlaryň halypasy Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň adyny dakmagy teklip etdi. Şol ýylyň 2-nji martynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 6-njy çagyryşynyň nobatdaky maslahatynda Hormatly Arkadagymyzyň ol teklibini goldap, Lukmançylyk uniwersitetimize Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary kabul edildi.

Myrat Orazgulyýewiç Garryýew 1932-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda eneden dogulýar. Başlangyç orta bilimini şol etrabyň 7-nji orta mekdebinde alýar. Orta mekdebi tamamlandan soň 1948-1951-nji ýyllarda orta lukmançylyk okuw mekdebini farmasewtiki ugry boýunça üstünlikli tamamlaýar. Soňra ol Daşkendiň Farmasewtika institutyna okuwa girýär we ol ýokary okuw mekdebini 1957-nji ýylda “Farmasiýa” hünäri boýunça tamamlaýar.

Myrat Orazgulyýewiç Garryýew özüniň manyly zähmet ýolunda 1957-1965-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň baş dermanhana müdirliginiň başlygy, 1965-1989-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň garamagyndaky edaralarda: Botanika we Himiýa institutynda dürli ylmy wezipelerde – kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär, baş ylmy işgär, laboratoriýanyň müdiri, ylmy işler boýunça direktoryň orunbasary, 1989-1990-njy ýyllarda Lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakognoziýa we farmasewtiki himiýa kafedrasynyň müdiri, 1990-1995-nji ýyllarda “Türkmenderman” Türkmen döwlet ylmy önümçilik birleşiginiň baş direktory, 1995-1996-njy ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, 1996-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň başlygynyň orunbasary, Geňeşiň jogapkär iş dolandyryjysy, 1999-2011-nji ýyllarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň başlygy, 2011-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.

Myrat Orazgulyýewiç Garryýew ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan döwlet syýasatynyň seresi bolan Saglyk we bilim taglymatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine özüniň örän uly saldamly şahsy goşandyny goşdy. Ol 1965-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ösümlikleriň maddalaryny öwreniş laboratoriýasyna aspirant bolup okuwa girýär hem-de 1968-nji ýylda aspiranturany tamamlap, öz wagtyndan bir ýyl öň, kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar we oňa “Farmasewtika ylymlarynyň kandidaty” alymlyk ady berilýär. 1983-nji ýylda bolsa doktorlyk dissertasiýasyny goraýar we “Farmasewtika ylymlarynyň doktory” alymlyk adyna eýe bolýar. Oňa 1984-nji ýylda professor alymlyk ady berilýär. Myrat Garryýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusydyr”. Watanymyzyň öňünde bitiren aýratyn şahsy hyzmatlary üçin köp sanly ordenlere we medallara, hormatly atlara, şol sanda 1986-njy ýylda “Zähmet weterany” medalyna, 1993-nji ýylda “Gaýrat” medalyna, 1994-nji ýylda “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” Hormatly adyna, 1994-nji ýylda “Ynsanperwerligiň sarpasy” medalyna, 1994-nji ýylda “Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri” Hormatly adyna, 1996-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna, 1997-nji ýylda “Galkynyş” ordenine, 1999-njy ýylda “Bitaraplyk” ordenine, 2001-nji ýylda III derejeli “Altyn Asyr” ordenine, 2002-nji ýylda “Garaşsyz Türkmenistana bolan söýgüsi üçin” ordenine, 2006-njy ýylda II derejeli “Altyn Asyr” ordenine, 2007-nji ýylda I derejeli “Altyn Asyr” ordenine mynasyp boldy.

Myrat Orazgulyýewiç Garryýew 200-e golaý ylmy makalalarynyň, 10-a golaý ylmy monografiýalaryň we oýlap tapyşlaryň, giň okyjylar köpçüligi üçin ýazylan, türkmen tebigatynda ösýän efir ýaglaryny, ýag kislotalaryny, saponinleri, terpenoidleri saklaýan ösümliklere bagyşlanyp ýazylan giň göwrümli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly okuw kitabynyň, köp sanly okuw – usuly işleriniň awtorydyr. Kitapda, hususan-da, derman ösümlikleriň morfologik alamatlary, çig mallarynyň taýýarlanylyşy, himiki düzümi, ondaky işjeň maddalaryň häsiýetleri, derman ösümlikleriniň halk we ylmy lukmançylykda ulanylyşy barada maglumatlar berilýär. Onuň ýolbaşçylygynda 2 sany doktorlyk we 12 sany kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar