Ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň müdiri Seýiddurdy Döwletowiç Annaberdiýew


Salgysy:  Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 1-nji gat, 1118-nji otag

Tel: +993 65 56-13-88   

e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 

  

     


Kafedra 1997-nji ýylda ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedralarynyň birleşdirilmegi netijesinde döredilen. Kafedranyň kliniki binýatlary: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň ortopedik we hirurgik stomatologiýa bölümleri; S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň hirurgik stomatologiýa bölümi. Kafedra her mugallymyň elektron portalyny öz içine alýan lokal ulgam bilen üpjün edilen; 10 iş ýerine niýetlenen fantom okuw otagy bar.


Kafedrada talyplaryň okaýan dersleri boýunça taýýarlanan maksatnamalar: “Ortopedik stomatologiýa”, “Hirurgik stomatologiýa”, “Stomatologiýa”, “Harby stomatologiýa we äň-ýüz hirurgiýasy”; ordinatorlar üçin: “Ortopedik stomatologiýa” we “Hirurgik stomatologiýa”.


Kafedrada okuw kitaplary we usuly gollanmalar çap edildi: “Hirurgik stomatologiýa”, “Ortopedik stomatologiýa”, “Çaga hirurgik stomatologiýasy”, “Stomatologiýa”, “Diş ussaçylygy”, “Harby stomatologiýa we äň-ýüz hirurgiýasy” we başg.


Kafedranyň işgärleriniň ylmy işleri äň-ýüz töwereginiň alawlama keselleriniň kliniki-immunologik häsiýetnamasyny öwrenmek; metallokeramiki emeli diş gurnamalar bilen protezirlemekde gaýra üzülmeleriň anyklanyş, bejeriş we öňüni alyş usullaryny kämilleşdirmek meselelerini öz içine alýar. Kafedrada 2 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goraldy, 7 oýlap tapyş patenti we 60-dan gowrak täzeçillik teklipleri alyndy.


Kafedranyň hünärmenleriniň bejeriş işi äň-ýüz töwereginiň alawlama kesellerinde, şikeslerinde we çişlerinde, şeýle-de doga we soňra dörän kemisliklerinde we gyşarmalarynda, dişleriň, diş hatarlarynyň, äňleriň we ýüzüň synalarynyň bölekleýin we doly kemisliklerinde maslahat beriş we bejergi kömeginden ybaratdyr.


Kafedranyň terbiýeçilik işleri talyplaryň toparlaryna halypaçylyk etmek, jemgyýetçilik we medeni çärelerine gatnaşmak we olary gurnamak: ugurdaş we beýleki kafedralar we klinikalar bilen teleköprüleri geçirmek; talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Kafedranyň gününi” geçirmek ýaly işlerden ybarat. Talyplary Türkmenistanyň Ýaş alymlarynyň bäsleşigine taýýarlamak we gatnaşdyrmak (2016-njy ýylda ikinji baýrakly orun alyndy) kafedranyň işgärleriniň ylmy-barlag işiniň wajyp bölegi bolup durýar.

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar