Iýmit gigiýena kafedrasynyň müdiri M.J.Durdyýewa

Salgysy:Aşgabat ş., Görogly köç., 84, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, 4-nji gat, 414-nji otagy

Tel: (+99312) 36-98-62

e-mail: 


Kafedra 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň binýadynda açyldy.


Beýan we amaly sapaklar keselleriň öňüni alyş, kesel bejeriş, pediatriýa we sport lukmançylygy fakultetleriniň talyplaryna iýmit gigiýenasy we berhiz bejergisi derslerinden geçirilýärler. Mundan başga-da, kafedrada diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş okuwynyň diňleýjileri we intern lukmanlary üçin okuw sapaklary alnyp barylýar. Amaly sapaklar üçin okuw otaglary, kabinetler we beýan zaly multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen.


Talyplar Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde ähli zerur enjamlar, reaktiwler bilen üpjün edilen barlaghanalara iýmit önümleriniň hilini barlamak üçin baryp bilýärler. Bu ýerde iýmit önümlerini molekulýar-genetiki we immunoferment usullary arkaly barlamaga, iýmit önümleriniň bakteriologik we fiziko-himiki barlagyny geçirmäge we beýl. mümkinçilikler bar.


Kafedranyň esasy ylmy-barlag ugry “Lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda metaboliki sindromyň duş geliş ýygylygy” atly tema bagyşlanan we ol Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň işgärleri bilen bilelikde alnyp barylýar.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan 7 okuw-usuly gollanma, 9 ylmy makala we 17 sany tezisler çap edildi. Kafedranyň gory ähli dersler boýunça beýan we amaly sapaklaryň materiallarynyň okuw-usuly gollanmalar, albomlar görnüşinde, test barlagynyň ýygyndylarynyň görkezme we elektron görnüşlerinde (jetweller, prezentasiýalar, wideofilmler we başg.) taýýarlanyp toplanan. Ähli zerur bolan maglumatlar uniwersitetiň portalynda ýerleşdirilip, talyplar islendik wagtda olardan peýdalanyp bilýärler.


Talyplar okuw meýilnamasynyň maksatnamasyna laýyklykda kafedranyň ylmy-barlag işine gatnaşýarlar, ylmy-amaly maslahatlarda, Ýaş alymlaryň bäsleşiklerinde çykyş edýärler.


Kafedranyň mugallymlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk barada wagyz-nesihat işleri bilen işjeň meşgullanýarlar, uniwersitetimiziň we yurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşýarlar.

   

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar