Okuw bölüminiň başlygy lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Geldimyrat Paltaýewiç Jumagulyýew

Tel: (+99312) 48-98-79 e-mail:tdlutm@tdlu.edu.tm   

 




Uniwersitetiň Okuw bölümi okuw işini gurnamak we geçirmek meseleleri barada Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýruklarynyň, kararlarynyň, görkezmeleriniň, gözükdirijileriniň, rektorlygyñ we uniwersitetiň Geñeşiniñ kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Okuw işini hasaba almak we hasabat düzmek boýunça dekanlyk we kafedralar üçin resminamalary taýýarlaýar. Dekanlyk tarapyndan okuwa kabul edilen talyplara resminamalaryñ doldurylyşyna we olaryñ saklanylyşyna gözegçilik edýär.

Uniweresitetde taýýarlanýan hünärler boýunça her ýýlda okuw meýilnamalaryny taýýarlaýar. Her ýarymýyllyk we gyşky, tomusky synag döwri üçin okuw rejelerini taýýarlaýar.

Synag döwri, Döwlet synag topary we synagçylar barada Buýruk taýýarlaýar. Kafedralaryň synag döwrüne we Döwlet synaglaryna taýýarlygyny barlaýar.

Synag döwrüniň we Döwlet synaglarynyň netijesi boýunça hasabatlaryň öz wagtynda düzülmegine gözegçilik edýär hem-de jemleýji hasabat düzýär.

Kafedralaryň okuw we usuly gollanmalary, okuw kitaplaryny we usuly görkezmeleri düzüşine, kitaphanada we okalga zalynda okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň, usuly görkezmeleriň, ýeterlik mukdaryna we kitaphana gaznasynyň okuw kitaplary, okuw gollanmalary bilen üstüniň doldurylyşyna gözegçilik edýär.

Okuw ýyly üçin okuw-terbiýeçilik işleri boýunça hasabat düzülmegine gatnaşýar.

Hereket edýän tertibe görä talyplaryň fakulteti we okuw ýyllygy boýunça (aýlyk, çärýeklik, ýyllyk) olaryň sany barada hem-de her synag döwrüniň ahyrynda talyplaryň  ýetişigi barada maglumatlary talyplaryň sapaga gatnaşygy baradaky umumylaşdyrylan maglumat taýyarlaýar.

Uniwersitetiň kafedralarynda alnyp barylýan hasaba alyş we hasabat resminamalarynyň ýöredilişine gozegçilik edýär.

Rektoryň we okuw işleri boýunça prorektoryň görkezmesi boýunça dürli maglumatlary taýýarlaýar.

  • Uniwersitet boýunça hemme fakultetleriň ähli okuw ýyllarynda Önümçilik tejribeliginiň işini gurnaýar we onuň geçirilişine gozegçilik edýär.
  • Önümçilik tejribeligini gurnamak boýunça taýyarlanan resminamalary (şertnamalary we ş.m.), saglygy goraýyş edaralaryndaky baza ýolbaşçylary üçin maslahat okuwlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamalaryny seljerýär.
  • Fakutetler we ýyllar boýunça talyplaryň Önümçilik tejribeligini geçjek ýerlerini kesgitleýär.
  • Önümçilik tejribeligine ýolbaşçy mugallymlaryň (assistentleriniň) işine gözegçilik edýär, mugallymlardan (assistentlerinden) gelen hasabatlary seljerýär.

Önümçilik tejribeliginiň netijeleri boýunça Bahalandyrylan hasaby kabul etmek işini geçirýär.

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar