Farmasiýa kafedrasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty 

Ilmyrat Gurbanowiç Gurbanow

tel: (+99312) 48-98-67  e-mail: 


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil köçe-şaýoly, Jaý 18. Fiziologiýa bina, 2-nji gat, 2236-nji otag.



Farmasiýa kafedrasy 1983-nji ýyldan bäri farmasewtika fakultetiniň düzümine girýär we uniwersitetda taýýarlanýan “Farmasiýa” hünärinde okaýan talyplar üçin gutardyş kafedrasy hasaplanýar.


Kafedranyň ilkinji müdiri farmasewtika ylymlarynyň doktory, professor, E.Sahatowdyr. Soňra kafedra biologiýa ylymlarynyň kandidaty R.Baýsahedow, farmasewtika ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy”, professor M.Garryýew, farmasewtika ylymlarynyň kandidaty, dosent A.Onow ýolbaşçylyk etdiler. 2000-nji ýyldan bäri bolsa kafedra himiýa ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym I.Gurbanow müdirlik edýär.


Kafedrada “Farmasiýa” hünäriniň okuw meýilnamasyna laýyklykda 12 sany dersden amaly, tejribe sapaklary we umumy okuwlar geçilýär. Ähli dersler boýunça talyplar okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün edilendir. Okuw meýilnamasy we okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar.


Kafedranyň okuw otaglary iň täze farmasewtiki we lukmançylyk enjamlary, okatmagyň iň täze tehniki serişdeleri, usullary bilen doly üpjün edilendir. Bularyň ählisi talyplara bilimleri ýokary derejede özleşdirmeklerine, mynasyp bilim almaklaryna we döwrebap hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär.


Kafedranyň ýolbaşçylygynda farmasewtika fakultetiniň talyplary dermanhanalarda, derman kärhanalarynda, Botaniki bagynda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli goraghanalarda okuw we önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Şeýle hem kafedrada prowizorlary kämilleşdiriş okuwy alnyp barylýar.


Talyplara berilýän nazary bilimleri amaly taýdan has-da berkitmek maksady bilen okuw sapaklarynyň aglaba köp bölegi Aşgabat şäherinde ýerleşýän merkezi dermanhanalarda, “Saglyk”, “T       enekär” we bilelikdäki “Ajanta Farma LTD” derman kärhanaarynda geçirilýär. Onuň özi talyplara gelejekgi iş ýerleri, döwrebap farmasewtiki enjamlar, gurallar bilen, dünýäniň farmasewtiki ylmynda we amalynda bolup geçýän täzelikler bilen ýakyndan tanyş bolmaklaryna we ahyrky netijede ýokary derejeli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär.


Kafedranyň ähli mugallymlarynyň gatnaşmagynda Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopediki kitaplaryndan ugur alyp, Diýarymyzyň tebigy serişdelerini, şol sanda dermanlyk ösümliklerini ylmy taýdan esaslandyrmak, täze derman görnüşlerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzmek boýunça we derman serişdeleriniň derňew usullaryny kämilleşdirmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Alnan netijeler bilen dürli derejede yzygiderli geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarynda çykyşlar edilýär. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çap edilýän ugurlaýyn ylmy žurnallarda neşir edilýär.


Kafedranyň mugallymlary talyplar bilen halypaçylyk işlerini alyp barýarlar, ýokary okuw mekdebiniň we Aşgabat şäheriniň çäginde Milli baýramçylyklara bagyşlanyp geçirilýän medeni köpçülik çärelerine, dabaralara işjeň gatnaşýarlar. Okuwdan soň boş wagtlary mugallymlar talyplar bilen ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň çäklerinde baglara ideg etmek işlerine guramaçylykly gatnaşýarlar.


 

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar