Umumy hirurgiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty A. Abdullaýew. 

  

Salgysy:  Aşgabat ş., Magtymguly köç.,Fizologiýa ylmy kliniki merkezli hassahasy

Tel: (+99312) 94-19-37

E-mail: tdlutm@online.tm





Anesteziologiýa we reanimatologiýa okuwly umumy hirurgiýa kafedrasy 1932-nji ýyldan bäri hereket edýär. Munda kesel bejeriş, pediatriýa, stomatologiýa, keselleriň öňüni alyş we sport lukmançylygy fakultetleriniň 1-3 ýyl talyplary okaýarlar. Kafedrada okadylýan beýan we amaly sapaklarda umumy hirurgiýanyň esaslary öwrenilýär: barlagyň meýilnamasy we hirurgik näsaglaryna seretmegiň düzgünleri, operasiýadan öň taýýarlamagyň aýratynlyklary we operasiýadan soň näsaglary alyp barmak, aseptika we antiseptika düzgünleri, anesteziologiýanyň esaslary, ganakmany saklamagyň we gan guýmagyň usullary, trawmatologiýa we iriňli hirurgiýanyň umumy esaslary.


Kafedrada kliniki ordinatorlara we aspirantlara okuwlar geçirilýär.


Kliniki bazanyň hirurgik bölüminde her ýyl kafedranyň işgärleri tarapyndan döş kapasasynda we garyn boşlugyna 1000-den gowrak dürli operasiýalar edilýär, amaly saglygy goraýşa sanitar awiasiýa gullugy boýunça kömek berilýär.


Kafedranyň işgärleri okuw, bejeriş we terbiýeçilik işlerinden daşary ylmy işleri hem işjeň alyp barýarlar. Häzirki döwürde kafedranyň ylmy temalary ehinokokkozy öwrenmeklige, rekonstruktiw-dikeldiş hirurgiýasy we howpsuz anesteziýa usullarynyň işlenip düzülmesine bagyşlanan. Kafedrada 13 doktorlyk we 27 sany kandidatlyk dissertasiýasy goraldy, 1000-den gowrak ylmy işler çap edildi, olaryň içinde birnäçe monografiýalar hem bar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň amalyýetinde ilkinji gezek aşakda görkezilen işler ornaşdyryldy: ýapyk mitral komissurotomiýa, 1959ý.; angiokardiografiýa usuly, 1960ý.; emeli ganaýlanyş şertlerinde “açyk” ýürekde operasiýalar, (1978-1989ýý.); gyzylödegiň we aşgazanyň kardial böleginiň keselleriniň irki anyklanyşynda gyzylödegiň auskultasiýa usuly, 1988ý.; aortada we magistral arteriýalarda rekonstruktiw operasiýalar, 1985ý.; dowamly wenoz ýetmezçilikde operatiw bejergi, 1985ý.; emeli gan aýlanyşda kardioplegiýa we gipotermiýa usullaryny ornaşdyrmak, 1988ý.; uly ýaşly adamlarda arid zolagynda ýüregiň doga kemislikleriniň aýratynlyklaryny öwrenmek, 1991ý.; aortanyň we magistral arteriýalaryň kesellerinde bejerginiň ekstrakorporal usullary, 1992 ý.; gyzylödegiň kesellerinde rekonstruktiw operasiýalar, 1993ý.; gepatobiliar patologiýanyň anyklanyşynda ehografiýanyň we KT-niň ulanylmasy, 1983-2000ýý.


Kafedrada ylmy gurnak hereket edýär, talyplaryň ylmy işleri Türkmenistanyň döwürleýin neşirlerinde we daşary ýurtlarda çap edilýär, olaryň awtorlary Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleýärler.

 

Esasy görkezijiler
4305
Talyplar
55
Ugurlar
406
Mugallymlar