Patologik fiziologiýasy kafedrasynyň müdiri Gülsenem Gurbanmuhammedowna Hanowa 

tel: 865-61-65-46  e-mail:


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 18. Fiziologiýa bina, 1-nji gat, 

2141-nji otag.




Patologik fiziologiýa kafedrasy 1934-nji ýylda döredildi. Häzirki döwürde kafedranyň okuw otaglary, okuw-usuly otagy, interaktiw okuw otagy multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, ylmy-barlag barlaghanasy häzirki zaman abzallary we tehnikasy bilen üpjün edilendir.


Patologik fiziologiýa dersi kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa we farmasewtika fakultetleriniň 3-nji ýyl talyplarynda okadylýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Patologik fiziologiýa” okuw kitaby taýýarlandy. Kafedrada beýanlary okamakda we amaly sapaklary geçirmekde multimediýa prezentasiýalary giňden ulanylýar, beýanlaryň maglumatlary elektron görnüşde taýýarlanan.


Kafedranyň esasy ylmy ugry bedeniň reaktiwligine dürli faktorlaryň täsirini, şeýle hem dem alyş organlarynyň keselleriniň ösüş aýratynlyklaryny öwrenmekdir. Ylmy işler döwürleýin neşirlerde we ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär. Mugallymlar radioda we telewideniýede sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edip çykyş edýärler, jemgyýetçilik-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýarlar.


Kafedranyň işgärleri her talybyň döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakda, olarda işjeňlik we özbaşdaklyk endiklerini kemala getirmekde, ylmy-hünär ukyplaryny ösdürmekde ähli tagallalary edýärler. Okuw ýylynyň dowamynda talyplar ylmy-barlag işleriniň esaslary bilen tanyşýarlar, temalar boýunça prezentasiýalary taýýarlaýarlar, her ýyl geçirilýän talyplaryň ylmy-amaly maslahatlarynda çykyş edýärler. 


 


Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar