Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakulteti







Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetiniň dekany Batyr Allagulyýew Haýdargulyýewiç

tel: (+99312) 92-67-90  e-mail: 

 



Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakulteti 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredilip, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzüm bölegi bolup durýar. 2012-nji ýyla çenli fakultet diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş bölümi diýip atlandyryldy.


 Fakultet ýokary bilimiň okuw maksatnamalary  esasynda ordinaturada, internaturada we hünär derejesini ýokarlandyryş hem-de gaýtadan hünär taýýarlygyndan gündizki okuw  görnüşi boýunça býujet esasynda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan merkez bolup durýar. Diplomdan soňky lukmançylyk bilim ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaklyga uniwersitetiň 30-dan gowrak kafedralary gatnaşýarlar.


Fakultetde alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary:

Kliniki ordinaturada tassyklanan lukmançylyk hünärler boýunça 2 ýyllyk hünär                               

beriş okuw maksatnamalary esasynda hünärmenleri taýýarlamak;

Bir ýyllyk hünär kämilleşdiriş internatura okuwynda tassyklanan lukmançylyk hünärleri boýunça taýýarlygy guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün etmek;

Üznüksiz lukmançylyk bilimi şertlerinde saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw hyzmatlaryny we çärelerini bermek;

Saglygy goraýyş işgärleriniň gaýtadan hünär taýýarlygy;

Saglygy goraýyş işgärleri üçin sertifikasion okuw tapgyrlary;

Lukmanlaryň hünärmenlik işlerinde aýry-aýry, has möhüm ugurlar boýunça hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak.


Fakultetde modul tehnologiýalaryna, döwrebap lukmançylyk ylmynyň we saglygy goraýşyň gazananlaryna, subut ediji lukmançylygyň ýörelgelerine esaslanýan diplomdan soňky we goşmaça lukmançylyk bilimleriniň integrirlenen maksatnamalary ornaşdyrylýar.


Okuw-usuly gollanmalar, kitaplar, gözükdirijiler, kliniki görkezmeler, kliniki maslahatlar we başg. taýýarlanýar. Fakultetde diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş boýunça alymlar  we usulyýet geňeşleri hereket edýär.


Soňky ýyllarda amaly lukmançylykda işleýän on müňlerçe lukman lukmançylyk uniwersitetiniň kafedralarynda, şeýle hem amaly saglygy goraýşyň iri ylmy – kliniki edaralarynda  döredilen okuw merkezlerinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny geçdiler. Meýilnamalaýyn häsiýetlilik, tölegsizlik, umumy elýeterlilik, öz bütin käriniň dowamlylygynda hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmaklyk lukmanlaryň diplomdan soňky biliminiň esasy ýörelgeleridir.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar